Sepleriň elýeterliligi

Hytaý, Orsýet Demirgazyk Koreýanyň raketa synagyndan alada bildirýär


Demiragazyk Koreýanyň lideri Kim Jong-An (O) synaglary barlaýar.

Demirgazyk Koreýa 14-nji maýda ballistik raketa atanyndan soň, Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin we Hytaýyň lideri Si Jinping Koreýa ýarymadasyndaky dartgynlyklaryň ýokarlanmagyndan alada bildirdi diýip, Putiniň sözçüsi aýtdy.

Kremliň sözçüsi Dmitriý Peskow Putiniň Pekine saparynyň gapdalyndan pikirini aýdyp, iki lideriň “Koreýa ýarymadasyndaky ýagdaý barada jikme-jik maslahatlaşandygyny” we "iki tarapyň hem dartgynlyklaryň ýokarlanmagyndan alada bildirendigini” aýtdy.

Ballistik raketa, Günorta Koreýanyň we Ýaponiýanyň resmileriniň aýtmaklaryna görä,ýarym sagatda, 2 müň km çemesi belentlikde 700 kilometrden gowrak ýol geçdi we ýapon deňzine gaçdy. Ýapon deňzi, mälim bolşy ýaly, Koreýa ýarymadasy, Ýaponiýa we Orsýetiň Uzak gündogary bilen gurşalan.

Ak tam biraz öň prezident Donald Trampyň Orsýetiň Demirgazyň Koreýanyň soňky raketa synagyndan “hoşal bolandygyny göz öňüne getirip bilmeýärin” diýendigini aýtdy.

"Raketanyň rus topragyna şeýle golaý barmagy, hakykatda Ýaponiýa garanda Russiýa has golaýlamagy bilen, prezident Orsýetiň muňa hoşwagtlygyny göz öňüne getirip bilmeýär” diýip, Ak tamyň Phenýana garşy “has berk sanksiýalaryň” girizilmegine çagyrna beýanatynda aýdylýar.

Hytaý sebitdäki dartgynlyklaryň ýokarlanýandygyny duýdurmak bilen, “aramlyga” çagyrdy.

"Hytaý KHDR-iň[BMG-nyň] Howpsuzlyk geňeşiniň rezolýusiýasyny bozmagyna garşy durýar” diýip, Daşary işler ministrliginiň beýanatynda aýdylýar.

Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong-Any jylawlamaga kömek etmek üçinHytaý basyşa, hususan-da Birleşen Ştatlar tarapyndan edilýän basyşa sezewar bolýar.

Pekin 14-nji maýda global söwda infrastruktura proýektini wagyz etmek üçin guralan sammite beýemçilik edýär we bu çärä Demirgazyk Koreýanyň we Birleşen Ştatlaryň wekilleriniň hem gatnaşmagyna garaşylýar.

Bu sammite Putin we onuň türk kärdeşi Rejep Taýyp Erdogan hem gatnaşýar.

Hytaý Demirgazyk Koreýanyň ýeke-täk uly ýarany we ykdysady daýanjy bolup durýar. Pekin, status kwony bozmazlyk we bosgunlaryň dökülmek töwekgelligine uçramazlyk üçin basyşy güýçlendirmäge göwünjeň garamaýar.

Demirgazyk Koreýa özüniň raketa programmasynyň synaglaryny soňky aýlarda has tijedi. Şol bir wagtda Günorat Koreýa we ABŞ resmileri Phenýanyň raketa synaglarynyň birnäçesiniň şowsuz bolandygyny aýdýarlar.

Demirgazyk Koreýanyň ýadro we ballistik, ýadro-raketa programmasy BMG tarapyndan gadagan edildi we köp ýurtlar ony her gezekki synagdan soň umumylykda ýazgaryp çykyş edýär.

Tramp ilkibaşda bu synaglaryň kabul ederlik däldigini aýtdy. Onuň adminstrasiýasy wagtal-wagtal harby haýbat atsa, käte Phenýan bilen gepleşikleriň geçirilmegini teklip etdi.

Demirgazyk Koreýa ýadro ýaraglaryny göterip we Birleşen Ştatlara çenli ýetip bilýän kontinentara raketa ýasamaga çalyşýar diýlip ynanylýar. Tramp muňa ýol bermejekdigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG