Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

SI: Ýüpek ýoly plany maliýe, howpsuzlyk gatnaşyklaryny giňeldýär


Gazak prezidenti Nursoltan Nazarbaýew hytaýly kärdeşi Si Jinping bilen. 14-nji maý, Pekin.
Gazak prezidenti Nursoltan Nazarbaýew hytaýly kärdeşi Si Jinping bilen. 14-nji maý, Pekin.

Prezident Si Jinping Hytaýyň söwdadaky we geosyýasatdaky global täsirini ýokarlandyryp biljek söwda başlangyçlary esasynda Pekine toplanan 29 lideriň gatnaşýan sammitinde Aziýada we Ýewropada terrora garşy hyzmatdaşlykdan başlap maliýe hyzmatdaşlygyna çenli has ýakyn hyzmatdaşlyga çagyrdy.

Iki günlük sammit hytaý lideriniň “Bir guşak, Bir ýol” inisiatiwasyny, gadymy Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmegi wagyz etmäge bagyşlandy. Bu inisiatiwa ilkinji gezek 2013-nji ýylda yglan edildi.

Si bu başlangyç üçin $124 milliardlyk maliýe serişdesini wada berdiwe bu gatnaw ýoly portlar, demirýollar, awtoulag ýollary, senagat parklary arkaly Hytaýy Afrika, Aziýa we Ýewropa ýurtlary bilenbirleşdirmeli.

Rus we türk prezidentleri Wladimir Putin bilen Rejep Taýyp Erdoganyň hem gatnaşýansammitinde çykyp gürlän Si günbatar diplomatlaryna bu planyň diňe Hytaýyň global täsirini artdyrmak synanyşygyndan ybarat däldigini ynandyrmaga çalyşdy.

"Guşagy we Ýoly ilerletmek bilen, biz duşman taraplaryň arasyndaky köne oýunlaryň ýodasyndan gitmeris” diýip, Si aýtdy.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp halkara söwdasynda we gatnaşyklarynda “Amerikany ilkinji orunda goýmagy” wada beren bolsa, Si globallaşmagy gorap çykyş etdi.

Şeýle-de Si Ýüpek ýoly planyna gatnaşýan ýurtlara we halkara guramalaryna $8.70 milliard möçberindäki serişdäni wada berdi. Ol bu proýektiň hemmeler, şol sanda Ýewropadakylar we Afrikadakylar üçinem açykdygyny aýtdy.

Putin sammitiň açylyşynda çykyş edip, oňa gatnaşýanlara proteksionizmiň dünýä ykdysadyýeti üçin howp bolup durýandygyny aýtdy.

Şeýle-de Putin, Moskwanyň Ukrainanyň Krym sebitini anneksiýa etmegi bilen baglykda Kremle garşy girizilen günbatar sanksiýalaryny nazarda tutup,“bikanun sanksiýalardan” zeýrendi.

Bu sammite günbatar liderleriniň hem birnäçesi gatnaşýar, Britaniýa, Fransiýa we Germaniýa oňa ýokary derejeli maliýe resmilerini iberdi. Birleşen Ştatlar bolsa bu sammite Ak tamyň uly geňeşçisini iberdi.

Şeýle-de bu sammite özbek prezidenti Şawkat Mirziýoýew, gazak prezidenti Nursoltan nazarbaýew, gyrgyz prezidenti Almazbek Atambaýew, belarus prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Pakistanyň premýer-ministri Nawaz Şarif, Serbiýanyň premier-ministri Aleksandar Wusiç gatnaşýar.

Pakistan Pekindäki halkara forumyň öň ýanyndan Hytaý bilen 500 million dollar çemesindäki täze ylalaşyklara gol çekdi. Resmiler 13-nji maýda bu serişdäniň Hytaý-Pakistan ykdysady koridoryna wada berlen 57 milliard dollaryň üstüni ýetirýändigini aýtdylar.

Pakistanyň öňden gelýän duşmany bolan Hindistan Pekine resmi delegasiýa ibermekden boýun gaçyrdy, sebäbi Hytaýyň Pakistanyň içinden geçmeli 57 milliard dollarlyk söwda koridory Kaşmiriň dawaly Himalaý sebitini hem öz içine alýar.

Düýbi ABŞ-da ýerleşýän “Human Rights Watch” 13-nji maýda Merkezi Aziýa bilen serhetleşýän günbatar Hytaýda täze Ýüpek ýolunyň ugrunda ýaşaýan adamlara daralyşyndan alada bildirdi.

Adam hukuklaryny goraýan topar hytaý häkimiýetleriniň bu proýekte Sinjiaň regionynyň ilatynyň päsgel bermeginden çekinip, “mümkin bolan gozgalaňyň öňüni almak üçin gözegçilgi we repressiýany güýçlendirendigini” aýtdy.Sinjiaň esasan türki dilli etniki uýgur musulmanlarynyň ýaşaýan ýeridir.

XS
SM
MD
LG