Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Si ‘köpräk açyklyga we proteksionizmi ret etmäge’ çagyrdy


Hytaýyň prezidenti Şi Jinping.
Hytaýyň prezidenti Şi Jinping.

Hytaýyň prezidenti Şi Jinping daşary ýurtlaryň hökümetlerini global ykdysady ösüş üçin “köpräk açyklyga we hyzmatdaşlyga”, şeýle hem “proteksionizmi ret etmäge” çagyrdy.

Şi Jinping bu çagyryş bilen 15-nji maýda “Bir guşak, bir ýol” plany barada, Pekinde geçen iki günlük sammitiň ikinji güni Aziýanyň, Ýewropanyň we Afrikanyň 29 döwletiniň resmilerine ýüzlendi. Agzalýan planyň söwda we geosyýasatda Hytaýyň global täsirini güýçlendirmegi mümkin.

Sammitde Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň ýanynda oturan Şi: “Ösüş, garaşsyzlyk we kynçylyklar dünýäsinde dünýäniň problemalaryny hiç bir ýurt özbaşdak çözüp bilmez” diýdi.

15-nji maýda Şi Hytaýyň söwda başlangyjy üçin, goşmaça 124 milliard dollar bermegi wada etdi. Bu başlangyçda portlardan, demirýollaryndan, ýollardan we senagat parklaryndan durýan ulgam arkaly Afrika, Aziýa we Ýewropa ýurtlaryny özara baglanyşdyrmak göz öňünde tutulýar.

Amerikan prezidenti Donald Tramp söwda ylalaşyklaryny sorag astyna alyp, “ilki Amerika” diýen daşary syýasy ýörelgäni yzarlasa , Pekin özüni erkin söwdanyň gahrymany edip görkezýär.

Ýanwarda wezipe başyna geleninden soňra Trampyň eden ilkinji işi Trans-Ýuwaş okean ýaranlygyndan çykmak boýunça bir permana gol çekmek boldy. Bu möhüm söwda geleşigi prezident Obamanyň döwründe ýola goýulsa-da, amerikan Kongresi tarapyndan ratifisirlenenok.

Analizçileriň bellemegine görä, Merkezi Aziýa ýaly regionlarda Moskwanyň hasabyna Pekiniň täsirini artdyrmagy mümkin “Bir guşak, bir ýol” başlangyjyna Orsýet seresaply reaksiýa görkezipdi.

Ýöne 15-nji maýda Putin bu plana goldaw bildirip, Orsýetiň oňa güýçli gatnaşjakdygyny mälim etdi:

“Teklip edilýän zatlaryň ählisi döwrebap ösüş ugrunyň bir bölegidir. Ol ýokary derejede juda zerur”.

“Şol sebäpden Orsýet ‘Bir guşak, bir ýoly’ diňe goldamak bilen çäklenenok, eýsem onuň hytaýly ýaranlarymyz we gyzyklanýan beýleki döwletler bilen birlikde amala aşyrylmagyna hem işjeň gatnaşar” diýip, Putin aýtdy.

Öňki sowet respublikalaryndan sammite gatnaşan beýleki ýolbaşçylar özbek prezidenti Şawkat Mirziýaýew, gazak prezidenti Nursoltan Nazarbaýew, gyrgyz prezidenti Almazbek Atambaýew we belarusyň prezidenti Alýaksandr Lukaşenka boldy. Merkezi Aziýanyň beýleki liderleriniň tersine, türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sammite gatnaşmady.

Ýokary derejeli duşuşyga gatnaşanlaryň arasynda Pakistanyň premýer-ministri Nawaz Şerif bilen Serbianyň premýer-ministri Aleksandar Wuçiç-de bardy.

Britaniýa, Fransiýa we Germaniýa ýaly ýurtlar sammite ýokary derejeli maliýe resmilerini iberseler-de, Günbatardan gatnaşanlar köp däl. Duşuşyga Birleşen Ştatlar Ak tamyň ýokary derejeli bir geňeşçisini iberdi.

XS
SM
MD
LG