Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Demirgazyk Koreýanyň paýtagtyny wirtuwal reallyga geçirdiler (Wideo)


Demirgazyk Koreýa dünýädäki ýagdaýy gaty az bilinýän we diýseň ýapyk saklanýan ýurtlaryň biridir. Şonuň üçinem ol şol bir wagtyň özünde iň köp gyzyklanma döredýän ýurt saýylýar. Indi ol ýurda gitmek owalkylar ýaly gaty kyn däl. Ýöne turist bolup ol ýurda gitmek gaty gymmada düşýär. Üstesine, ol ýere syýahat etmek isleýänem gaty az. Şonda-da Demirgazyk Koreýanyň paýtagtyny eýdip-beýdip görsem diýýän gaty köp adam bar.

Munyň üçin Şwed startapy bolan "Scene There" tarapyndan taýýarlanan wirtuwal gezelenç häzirlikçe Demirgazyk Koreýa gidip bilmeýän, ýöne Phenýany wirtuwal görnüşde görüp höwesini biraz köşeşdirmek isleýänler üçin gowy güýmenje bolup biler.

"Scene There" startapynyň gurjusy Markus Olsson Demirgazyk Koreýanyň raýatlarynyň durmuşyny 360 derejeli kameralar bilen surata düşürip, şäheriň ýaşaýjylarynyň gündelik durmuşyny bolşy ýaly tomaşaçylara hödürleýär. Wirtuwal gezelençde şäheriň gezilip-görülmeli täsin ýerleri bilen tanyş bolmak, köçelerde aýlanmak, ýaşaýjylaryň irden, nahar wagty we iş gününden soň näme bilen meşgullanýandygyny görmek mümkindir. Wideoda tans edýän ýaşlary, balyk tutýan adamlary, iş-alada bilen başagaý işçileri görmek bolýar. Wideo tomaşa edenler özüni edil Phenýanda gezen ýaly duýýarlar.

Wideoda Phenýanyň esasy gezelenç ýerleriniň arasyndaky Kim Ir-sing we Kim Jong-Iliň äpet heýkelleriniň ýerleşýän Mansu depesini we Phenýan myhmanhanasyny hem görüp, hatda myhmanhana girip hem bolýar. Wideo gezelenje daşary ýurtlular üçin oňaýly hasaplanmaýan ýerler hem goşulypdyr. Meselem, Kim Ir-sing meýdançasynda çagalaryň rolik sürýändigi göze ilýär.

Ondan başga Phenýan wideo gezelenji tomaşaçylara şäheriň täsin ýerlerine ýakyndan seretmäge mümkinçilik berýär. Wirtuwal "turistler" ekrandaky mawy tegelege basyp bir ýerden başga ýere geçip bilýärler.

"SceneThere tehnologiýasy dürli ýerlerde surata düşürilen 360 derejeli wideolary biri-birine sepläp "real wirtuwal dünýäni" emele getirýär. Bu ýerde siz tomaşaçy höküminde öz isleýän ýeriňizi saýlap, şol taýdan seredip bilýärsiňiz" diýip, firmanyň internet sahypasynda nygtalýar.

Wideoda Demirgazyk Koreýanyň paýtagtynyň aýratynlykda görülmeli ýerlerini ählitaraplaýyn synlamak we olary jikme-jik öwrenmek hem mümkindir. Has elýeterli bolar ýaly, şeýle ýerler mawy tegelek şekiller bilen yşaratlanyp, olaryň ady ýazylandyr.

Demirgazyk Koreýada bolup gören adamlaryň aýtmagyna görä, ol ýurtda wideo surata düşürmek gaty kyn. Ýurtda wideo surata düşürýänlere gaty berk gözegçilik edilýär. Ol ýere baran turistleriň her bir hereketi, ýörite bellenen olaryň ýolbeletleri tarapyndan hemişe göz astynda tutulýar. Ýurduň ýolbaşçylary öz döwletiniň daşary ýurtlardaky abraýyna zeper ýetmeginden diýseň howatyrlanýarlar. Biziň telekanallarda tomaşa edýän wideolarymyzyň köpüsi diýseň ýokary derejede türgenleşik geçirilip gurnalýan harby paradlar we harby tehnikaly çäreler bolup durýar.

Ýöne operator Markus Olssonyň aýtmagyna görä, ol wideo surata düşüren mahaly hiç kim oňa päsgel bermändir we ýaşaýjylar hem oňa mähirli hem sypaýyçylykly çemeleşipdirler.

Olsson 2016-njy ýylyň sentýabr aýynda Demirgazyk Koreýa bir ýygnaga çagyrylypdyr. Operator ol ýygnakda Demirgazyk Koreýanyň startaplary bilen öz tejribelerini paýlaşypdyr. Ol şonda özüniň boş wagtynda erkin ýagdaýda gaty köp wideo surata düşürýär. Häzir ol wirtuwal gezelenç programmasyny "Oculus Store" diýen ýerden edinmek bolýar. Häzir wirtuwal reallyk äýnegi bolmaýanlar üçin, awtorlar onuň internet görnüşini hem işläp taýýarlapdyrlar. Şu sepden wideony tapyp, tomaşa edip bolýar.

Wideo tomaşa edenler, munyň Demirgazyk Koreýanyň hökümetiniň nobatdaky tabşyrygy bolup durýandygyny pikir edip bilerler. Olsson hem aslynda munuň bir gezelenç žurnalistikasy materialy däldigini bildirýär.

"Biz wideo surata düşürýän mahalymyz hiç wagt ýeke bolmaýarys. Mundan daşaryn, biziň sirkde akrobaty wideo surata düşürmegimiziň öňi alyndy. Men özüme doly azatlyk berlendigini aýdyp bilmerin. Ýöne men hut ýygnakda çykyş etmäge çagyrylanym sebäpli, şeýle wideony surata düşürip bildim. Turist topary bilen giden bolsadym, bu mümkin bolmazdy" diýip, ol öz garaýşyny beýan edýär.

Golaýda Finlandiýanyň "Yle" habar gullugynyň habarçysy hem Demirgazyk Koreýanyň paýtagtynda wideo surata düşürmegi başarypdyr. Žurnalist Mika Makelainen turist ýolbelediniň berk gözegçiliginden sypmagy başaryp, ýurduň howpsuzlyk gullugynyň işgärleri tarapyndan tutulaýmagy ahmalam bolsa, şeýle howpa garamazdan, Phenýanyň adaty, harby çäreleriň geçirilmeýän güni ol ýerdäki durmuşy surata düşüripdir.

XS
SM
MD
LG