Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan: Öýünde tikin-çatyn edýänlerden rugsatnama talap edilýär


Aşgabatdaky tikinçilik sehleriniň biri.

Türkmenistanyň ýerli polisiýa müdirlikleri öz öýünde el işi ýa-da tikin-çatyn bilen meşgullanýan adamlary gözläp başlady diýip, “Hronika Türkmenistan” neşiri habar berýär.

Bu neşiriň 16-njy maýda çap eden maglumatyna görä, polisiýa resmileri gürrüňi edilýän adamlar baradaky maglumaty ýerli hökümet organlarynyň wekillerinden ybarat ýörite komissiýanyň agzalaryna geçirýärler. Bu komissiýanyň düzümine häkimligiň we geňeşlikleriň işgärleri, Salgyt gullugynyň wekilleri we polisiýanyň resmileri girýär.

“Mysal üçin, 5-nji maýdan bäri Daşoguz welaýatynda buýurma alyp, öýlerinde köýnekleri tikýänleriň öýüne [ýerli polisiýa işgärleri] barýarlar. Polisiýa işgärleri olardan indiwidual zähmet işi baradaky ýörite patent almagy hem-de öz girdejileri we töleýän salgytlary baradaky maglumatlary tabşyrmagy talap edýärler” diýip, neşiriň habarynda nygtalýar.

Bu maglumaty Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki çeşmeleri hem tassyklap, soňky günlerde hususy eýeçilikdäki kiçi tikinçilik sehlerine, ýagny öz hususy eýeçiligindäki öýünde tikin-çatyn bilen meşgullanýanlara döwlet tarapyndan gözegçiligiň güýçlenendigini we olara uly möçberde jerimäniň salynýandygyny aýdýarlar.

“Häzir kimdir birinden eşidip, öýlerinde tikin tikýänleriň öýlerine aýlanýan polisiýa işgärleri köpeldi. Olar öýümize gelip, biziň jenaýat işini edýändigimizi aýdýarlar. ‘Sen öýüňde müşderileriň zakazyny – buýurmasyny alýaň, ýöne ondan gelýän girdeji salgydyny bolsa hökümete töläňok. Üstesine-de, sen gizlinlikde, döwlet tarapyndan hasaba alynman işleýäň’ diýip, 1000 manada çenli pul jerimesini salýarlar. Käbir tanyşlarymyzyň kompýuter tikin maşynlaryny hem konfiskasiýa etdiler” diýip, öýünde tikin-çatyn bilen meşgullanýan 31 ýaşyndaky aşgabatly tikinçi Mährijemal aýtdy. (Howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli ady üýtgedildi).

Ol döwlet organ işgärleriniň öýlerinde tikinçilik bilen meşgullanýanlardan, resminamalaryň we şertleriň birnäçesini ýerine ýetirmegi talap etmek arkaly olary gazançlaryndan mahrum etmek isleýändigini sözüniň üstüne goşdy.

“Salgyt gullugyndan rugsatnama, häkimlikden güwänama almak ýaly ýuridiki resminamalaryň birnäçesini almak üçin, hususy eýeçilikdäki jaýyňda ýaşaýyş üçin ulanylýan territoriýadan başga tikinçilik bilen meşgullanmaga gerek bolan ýörite jaýyň, territoriýaň bolmaly. Biziň goşmaça ýeri kireýine almaga maddy ýagdaýymyz bolmandygy sebäpli, öýümizde el işlerini edip, gazanç etjek bolýarys. Maşgalamyzyň býujetine gatanç etjek bolýarys. Bizden birgiden resminamany talap edip, öý hojalykçy aýal-gyzlary barja gazanjyndan hem mahrum etmek isleýärler” diýip, Mährijemal belledi.

Aýdylmagyna görä, soňky ýyllarda Türkmenistanda öýünde tikin-çatyn bilen meşgullanýan gelin-gyzlaryň sany köpelip, olaryň hödürleýän hyzmatlarynyň bahalary, döwlet tarapyndan hasaba alnan tikinçilik sehlerindäkiden tas iki esse diýen ýaly arzan.

Türkmen häkimiýetleri tarapyndan soňky günlerde bu tikinçilere edilýän gözegçiligiň güýçlenmegiň sebäpleri we maksatlary barada ilat köpçüligine düşündiriş berilmeýär. Bu barada resmi mediada hem hiç bir gürrüň gozgalmaýar.

Emma öz hususy eýeçilikdäki öýünde tikin-çatyn bilen meşgullanýanlaryň käbiri gözegçiligiň güýçlenmegi netijesinde, tikinçileriň ençemesiniň öz işini togtatmaly bolandygyny aýdyp, çäklendirmeleriň netijesinde döwlet tarapyndan hasaba alnan tikinçilik sehleriniň müşderilerini köpeltmegiň göz öňünde tutulýandygyny belleýär.

“Döwlet organlarynyň işgärleri öýlerdäki tikinçileriň işini ýatyrmak arkaly, döwlet tarapyndan hasaba alnan tikinçilik sehleriniň müşderilerini we girdejilerini artdyrmak isleýärler. Bu sehleriň aglabasy ýokary wezipeli adamlaryň eýeçiliginde durýar. Hatda döwlet edara-kärhanalarynda işleýän hemişeki müşderilerimiziň aglabasyna hem öz köýnekdir ýakalaryny belli tikinçilik sehlerinde tikdirmegi tabşyrypdyrlar” diýip, tikinçi Mährijemal aýdýar.

Ýerli synçylaryň käbirleri garaşsyzlyk ýyllarynda ýurtda dürli gadaganlyklar girizilse-de, şu wagta çenli öýünde el işini edýän adamlara hiç hili çäklendirmäniň bolmandygyny aýdyp, munuň ykdysady kynçylyklar sebäpli türkmen häkimiýetleriniň ýurduň gaznasyna gelýän girdejini artdyrmak synanyşyklarynyň bir alamatydygyny aýdýarlar.

“Munuň düýp sebäbi, ykdysady çökgünlilik zerarly döwlet gaznasyna gelýän girdeji gitdigiçe azalýar. Galyberse-de, ýurtda para, korrupsiýa garşy göreş möwsümleýin bolsa-da, yglan edilendigi üçin, her kim özüni ak ýürekden işleýän adam edip görkezip, wezipesinde galmak üçin hereket edýär” diýip, aşgabatly synçy we ýazyjy Amanmyrat Bugaýew aýtdy.

Ýatladyp geçsek, aprel aýynyň ahyrynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hususy awtoserwisleriň we awtoýuwalgalaryň işine gözegçiligi güýçlendirmegi tabşyrypdy. Şondan ortaça bir hepde geçensoň, ýurduň tas ähli sebitinde diýen ýaly awtoserwisler we awtoýuwalgalar ýapyldy.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG