Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan – "ak pilleriň" watany


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýapyk binalarda geçirilmeli V Aziýa söweş sungaty oýunlaryna taýýarlyk çärelerine gatnaşýar. 2016-njy ýylyň 5-nji maýy.

Aşgabat hökümeti öz ýurdunda halkara Aziýa oýunlarynyň gurnalmagyny ýola goýup, sport boýunça abraý gazanmak üçin, milliardlarça dollar çykdajy etdi. Ýöne tankytçylar bu tagallanyň Türkmenistan üçin ummasyz çykdajyly bir maksatnama bolandygyny aýdýarlar.

Türkmenistan ýapyk binalarda geçirilmeli V Aziýa söweş sungaty oýunlary üçin çykdajy gaýgyrmaýar. Şeýle halkara sport çäresiniň geçirilmegi üçin edilen çykdajy Olimpiýada oýunlarynyň çykdajysyna barabardyr. Ýöne ençeme milliard dollar harç edilendigine garamazdan, Olimpiýada oýunlarynyň Aşgabatda geçirilmegine häzirlikçe garaşylmaýar.

Sentýabr aýynda, Türkmenistanda ýapyk binalarda boljak V Aziýa söweş sungaty oýunlarynyň täze olimpiada toplumynda, diýseň şowhunly dabara bilen açylmagyna garaşylýar. 17-27 sentýabrda ol oýunlara 62 ýurtdan, 5 müňden köp türgeniň gatnaşmagyna garaşylýar. Bu waka göwrümi taýdan, Aziýada gurnalýan ikinji iň uly çäre hasaplanýar. Ýöne Türkmenistanyň milliardlarça dollarlap goýýan maýa goýumlary bu ugurda dürli sowallar döredýär.

Käbir maglumatlara görä, 5 milliard dollara salnan Türkmenistanyň täze olimpiýada toplumy.
Käbir maglumatlara görä, 5 milliard dollara salnan Türkmenistanyň täze olimpiýada toplumy.

Olimpiýada toplumy – awtoritar prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň esasy aladasy. Ýöne bu alada 2010-njy ýylda Türkmenistanyň Aziýa oýunlary 2017-nji ýylda geçirmäge gazanan hakyna gabat gelmeýär. Amnesty International atly adam hukuklaryny goraýan guramanyň 2015-nji ýyldaky maglumatyna görä, bu çäkde gurluşyk geçirilmeli ýerlerde, ähli halkara kadalar bozulýar. 50 müňe golaý Aşgabadyň ýaşaýjysy öz jaýyny taşlamaga mejbur edilýär. Guramanyň berýän maglumatyna görä, şäheriň etegindäki Çoganly daçalarynda 10 müňe golaý jaý ýumrulypdyr.

Jemi bäş milliard dollar çykdajy edilen sport desgalar toplumy 30 sany ymaratdan emele gelýär. Onuň düzüminde dünýäniň iň uly desgasy hasaplanýan 6 müň orunlyk ýapyk welosiped sporty desgasy, ýapyk ýeňil atletika stadiony, ýapyk suw sportlary toplumy, ýapyk tennis meýdançasy, köptaraply hyzmat berjek arena, birnäçe myhmanhana we 45 müň adamlyk Olimpiýada stadiony bar.

Bäş kilometr menzili bolan demir ýol tomaşaçylary prezident Berdimuhamedowyň halaýan reňki bolan ak reňkli wagonlarda bir toplumdan beýleki sport toplumyna gatnadar. Maksatnama we gurluşyk işlerini, prezidentiň beýleki dürli şöhratly işlerini amala aşyran "Polimeks" atly türk gurluşyk firmasy alyp barýar. Bu firma, şol bir wagtyň özünde Awaza dynç alyş şäherçesi bilen bilelikde, Aziýa oýunlaryna taýýarlyk çäginde 2,3 milliard dollara salnan, uçýan laçyna meňzeýän aeroporty hem guran firmadyr.

Türkmenistanyň uçýan laçyna meňzeýän täze aeroporty.
Türkmenistanyň uçýan laçyna meňzeýän täze aeroporty.

Bilermenleriň pikrine görä, bu iki maksatnama özüniň ummasyz çykdajysy we edil häzirlikçe hökmanylyk däldigi taýdan - "ak piller" hasaplanýar. Gelip gowuşýan habarlardan çen tutulsa, dynç alyş şäherçesinde adamlar barha seýrekleşýär, aeroport bolsa çökýär.

Ykdysady çöküş

Şotlandiýanyň Glazgo uniwersitetiniň Merkezi Aziýa boýunça bilermeni Luka Ançeskiniň aýtmagyna görä, Aziýa oýunlarynyň geçiriljek döwri ýurda ykdysady çöküş howpunyň abanýan pursadyna gabat gelýär we "bu ýurt üçin diýseň aýylganç urgudyr". Ol hökümetiň ýönekeý halky "alada etmeýändigini" hem belleýär.

Türkmenistan tebigy gaz baýlygy taýdan dünýäde dördünji orny eýeleýänem bolsa, ony eksport etmek üçin, uly kynçylyklary başdan geçirýär we diňe iki sany esasy alyja, ýagny Russiýa bilen Eýrana garaşly galýar.

Aziýa galkynyş bankynyň maglumatyna görä, soňky ýyllarda dünýäde energiýa çeşmeleriniň bahalarynyň pese gaçmagy netijesinde, Türkmenistanyň ykdysady ýagdaýy hasam ýaramazlaşdy. Munyň netijesinde 2012-nji ýylda 11,1 göterim bolan milli girdejisi 2016-njy ýylda 6,2 göterime çenli pese gaçdy.

Gelip gowuşýan maglumatlaryň subut etmegine görä, aýlyklaryň tölenmeýşi, banklarda nagt pul ýetmezçiligi we döwlet dükanlarynda käbir azyk önümleriniň gytlygy türkmen raýatlarynyň adaty durmuş kadasyna öwrüldi.

"Meýletin tölegler"

Ýurduň Aziýa oýunlaryna taýýarlanmagy üçin, diňe bir döwlet ummasyz çykdaýjy etmedi. Bu maksatnama üçin, şol bir wagtyň özünde ýönekeý halk hem gaty köp wagtyny we pulyny sowurmaly boldy. Habar berlişine görä, hökümet göz öňünde tutulýan halkara çäre üçin, ýurduň ýaşaýjylarynyň aýlyklaryndan ýa-da telekeçilerden "meýletin tölegler" kesip alýar.

Paýtagtyň ýaşaýjylarynyň Azatlyk Radiosyna habar bermegine görä, geçiriljek Aziýa oýunlary çäginde, polisiýa Aşgabatda "gowy geýnüwli" bolmaýan adamlary şäheriň abraýyna zelel ýetirmeginden howatyrlanyp daşlaşdyrýarlar.

Bularyň üstesine, Aşgabatda täze okuw ýyly adaty wagtyndan iki aý ir, ýagny 1-nji iýulda başlaýar. Käbir raýatlaryň aýtmagyna görä, okuw ýylynyň başlanýan senesiniň üýtgedilmegi geçiriljek Aziýa oýunlaryna okuwçylar bilen mugallymlaryň gatnaşmagynda görüljek taýýarlyklar we geçirilmeli köpçülikleýin çäreler bilen baglanşykly.

Ýogsam nobatdaky "ak pillermi"

Berdimuhamedowyň hökümeti 2017-nji ýyldaky Aziýa oýunlaryny geçirmäge hak gazanandan soň berlen wadada nygtalyşy ýaly, Aşgabady "dünýäniň sport taýdan iň kämilleşen paýtagtynyň birine" öwürmäge dalaş edýär. Ýöne ýurduň olimpiýada oýunlarynda haýsam bolsa bir sport görnüşinden gazanan bir medaly bolmansoň, munuň üçin gaty köp wagt gerek boljaga meňzeýär.

Aziýada-2017 çäresiniň geçirilmegi – sportyň we beden terbiýesiniň kämilleşdirilmegi bilen sagdyn ýaşaýşyň dikeldilmegi tagallasyny öz içine alýar.

Berdimuhamedow hökümetiň esasy maksadynyň sporty ösdürmek we olimpiýa hereketini döretmek, ýaşlaryň we halkyň sporta bolan ymtylyşyny güýçlendirmek, adamlara ýaşlykdan beden terbiýesi endigini bermek bolup durýandygyny beýan etdi.

Türkmen oppozisiýasynyň daşary ýurtlardaky köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bolsa, Aşgabadyň Aziýada oýunlaryna taýýarlanmagy üçin, ýurduň ykdysady kynçylygy başdan geçirýän döwründe edilýän bu çykdajylaryň "bähbitli bolmaýandygyny" bildirýär.

"Hronika Turkmenistana" atly garaşsyz habar gullugynyň bellemegine görä, şeýle ummasyz maýa goýumlary köpçülikleýin sport çärelerine ýa-da türkmen türgenleriniň hem sport ussatlarynyň kämilleşmegi ýaly başga ugurlara gönükdirmek has bähbitli bolardy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow

Merkezi Aziýa boýunça bilermen Ançeskiniň aýtmagyna görä, Türkmenistan sportdan daşaryn goňşusy Gazagystandan görelde almak bilen "režimiň halkara kanunalaýykdygyny" tassyklatmak üçin hem dünýä köpçüliginiň ünsüni özüne çekmäge synanyşýar. Gazagystanda köpsanly giňgerimli halkara çäre bilen bilelikde, 2011-nji ýylyň gyşky Aziýada oýunlary hem geçirilipdi.

Türkmenistanyň turizm ministrliginiň beren maglumatyna görä, sport çärelerine tomaşa etmek üçin, ýurda 150 müň adamyň gelmegine garaşylýar. Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistan daşary ýurt raýatlaryna wiza bermek barasynda howlukmaýar. Turizm ministrliginiň hasabatyna görä, 2015-nji ýylda Türkmenistana diňe 105 müň daşary ýurtly turist barypdyr.

"Aziýada-2017" web sahypasynda habar berlişine görä, oýunlara tomaşa etjek 600 müň adama bilet satylmagy göz öňünde tutulýar. Ýöne şol bir wagtyň özünde, daşary ýurt raýatlaryna Türkmenistanyň wizasyny alman, tomaşaçy biletini satyn almak maslahat berilmeýär. Ýerli ýaşaýjylar bilen bir wagtyň özünde ol ýurda baryp gaýdýan ýek-tük daşary ýurtly myhmanyň aýtmagyna görä, ak mermerden salnan gymmatbaha jaýlar we myhmanhanalar barha boşaýar. Şol sanda döwrebap ýagdaýda täze salnan saglygy saklaýyş merkezlerine barýan adamlar we golaýda gurlan awtoýollarda hem ulag hereketleri göze ilmeýär.

Bir tarapdan oppozisiýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, Aziýada oýunlary üçin salnan ymaratlara "wagtlaýynça, ýagny bir gezeklik ulanmak üçin salnan desgalar" höküminde baha berýän bolsa, beýleki tarapdan, ýurduň Olimpiýada oýunlary ýaly giňgöwrümli halkara sport çärelerine öý hojaýynçylygy etmäge ýagdaýy hem o diýen elýeterli däl. Şonuň üçinem Aşgabadyň nobatdaky "ak pilleriň" ýurduna öwrülmeginden howatyrlanylýar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG