Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝHHG/DIAHE prezident saýlawlary boýunça jemleýji hasabatyny çap etdi


Gurbanguly Berdimuhamedow ses berýär. 12-nji fewral, 2017 ý.
Gurbanguly Berdimuhamedow ses berýär. 12-nji fewral, 2017 ý.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Demokratik institutlarynyň we Adam hukuklary boýunça edarasynyň (ÝHHG/DIAHE) Türkmenistanyň prezidentlik saýlawlary boýunça ýaýradan jemleýji hasabatynda, ýurtda güýç bölünişigi prinsipiniň netijeli ornaşdyrylmagy maslahat berilýär.

Hasabatda şu ýylyň 12-nji fewralynda geçen prezidentlik saýlawlarynyň hakyky oppozisiýanyň we manyly köpdürlüligiň kemçilik etmegindäki berk syýasy gözegçiligiň fonunda geçendigi bellenilýär.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Demokratik institutlarynyň we Adam hukuklary boýunça edarasynyň metbugat wekili Tomas Rymer Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde, ýüze çykarylan ýokardaky ýagdaýlaryň netijesinde, ses berijileriň saýlamak mümkinçilikleriniň çäkli bolandygyny aýtdy.

Gepiň gerdişine ýatlatsak, türkmen saýlaw resmileri hasaba alnan dokuz dalaşgäriň arasynda, 59 ýaşyndaky Gurbanguly Berdimuhamedowyň sesleriň 97,69%-ni alyp nobatdaky, üçünji möhlete prezident saýlanandygyny mälim edipdiler.

ÝHHG/DIAHE Türkmenistanda täze Saýlaw kanunynyň kabul edilmegine garamazdan, onda Guramanyň öňden bäri berip gelýän rekomendasiýalarynyň göz öňünde tutulmandygyna ünsi çekýär.

Hasabatda Türkmenistanyň saýlaw baradaky kanunçylygyna göz aýlap, ony ÝHHG-niň we beýleki halkara derejesindäki kabul edilen standartlara laýyk getirmek hem maslahat berilýär.

Mundanam başga, hasabatda prezidentiň Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparynyň başlygyny gönümel belläp bilmegi, halkara standartlaryna ters gelýändigi, munuň netijesinde Toparyň garaşsyzlygynyň çäklenýändigi nygtalýar.

Ýatladyp geçsek, saýlaw resmileri prezidentlik saýlawlaryna ses bermäge hukugy bolanlaryň 97%-den gowragynyň gatnaşandygyny mälim edipdiler. Şol bir wagtda, ÝHHG/DIAHE-niň hasabatynda bellenmegine görä, saýlawlara gatnaşanlaryň sanawlary görkezilen bolsa-da, ses bermäge gelenleri hasaba almak boýunça öňden edilen rekomendasiýalar ýer tutmandyr.

Türkmenistanyň kanunçylygynda ýurduň media giňişliginde prezidentlige dalaşgärlere deň mümkinçilikleriň göz öňünde tutýandygyna garamazdan, iş ýüzünde deňagramly we bitarap maglumatlar üçin hiç bir kanuny talaplary ýok diýip, hasabatda aýdylýar.

Hasabatda berilýän beýleki rekomendasiýalaryň arasynda ses berlişikde galplygyň bolandygy, bir adamyň ençeme gezek ses bermegi ýaly ýagdaýlaryň öňüni almak üçin çäreleri geçirmek maslahat berilýär.

Sözümiziň ahyrynda bellesek, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Demokratik institutlarynyň we Adam hukuklary boýunça edarasy Türkmenistanyň prezidentlik saýlawlaryna doly Gözegçilik missiýasyny däl-de, Saýlawlara hemaýat beriş missiýasyny ugradypdy.

XS
SM
MD
LG