Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanly çempion Türkiýede awtoulag-ýol heläkçiligine uçrady


Londondaky Olimpia oýunlaryna çykyş edýän Daniýar Ismaýilow, 2012 ý.
Londondaky Olimpia oýunlaryna çykyş edýän Daniýar Ismaýilow, 2012 ý.

Türkiýäniň agyr atletika boýunça ýygyndy komandasynda çykyş edýän 25 ýaşly türkmenistanly Daniýar Ismaýilow Ankarada awtoulag-ýol heläkçiligine uçrap, ölüm bilen ýüzbe-ýüz boldy.

Daniýar Ismaýilowyň sürýän awtoulagy ýoly ýagtyldýan çyranyň diňini kakyp, agdaryldy. Ýarym sagadyň dowamynda yzly-yzyna şol bir ýerde bolan awtoulag ýol hadysasynda üç adam ýaralandy.

Türk metbugatynda berilýän maglumata görä, Daniýar Ismaýilowyň sürýän FF 077 CC Gürjistan belgili awtoulagy Ankarada, Şehit Halisdemir adyndaky Esenboga aeroportynyň ýolunda, Altynpark seýilgähiniň öňünde ýoly ýagtyldýan çyranyň diňini bat bilen kakýar we agdarylyp, ýoluň beýleki tarapyna geçýär. Ondan soň çyranyň diňi hem ýykylýar we Esenboga aeroportyna gidilýän ýoluň gatnawyny ýapýar.

Daniýar Ismaýilowyň awtoýol heläkçiliginden birnäçe minut geçensoň, Baýram Topçu atly bir türk raýatynyň sürýän 06 DH 020 belgili awtoulagy ýola ýykylan çyranyň diňini kakyp, ýoldan çykýar we iki ýoluň arasyndaky bir agajy kakyp saklanýar.

Awtoýol heläkçiliginde ýaralanan we kimdigi anyklanylmaýan bir zenan, iki erkek wakanyň bolan ýerine gelen “Tiz kömek” ulagy bilen golaýdaky keselhana äkidilýär.

Polis işgärleri wakalaryň bolan ýerindederňew geçirýän wagtynda, ýarym sagat soň ýene bir awtoýol heläkçiligi ýüze çykýar. Esenboga aeroporty tarapdan gelen Mustafa Karakeçi atly raýatyň sürýän 06 AJ 6723 belgili ýük ulagy, owal awtoýol heläkçiligine uçrap hatardan çykan awtoulaglary görmän, Daniýar Ismaýilowyň içinde oturan awtoulagyny kakýar. Ismaýilowyň içinde oturan ulagyny ýoluň kenaryna zyňan ýük ulagy diňe iki ýoluň ortasyndaky berkitmden geçensoň togtaýar. Wakada ýük ulagynyň sürüjisi ýeňil ýaralanýar.

Şeýlelikde, ýol polisleri bilen Daniýar Ismaýilow gaýtadan uly howpy başdan geçirýär. Türk mediasynda çykan habarlarda Daniýar Ismaýilowyň ýarym sagadyň dowamynda bolup geçen iki awtoýol heläkçiliginden hem sag-aman sypandygy aýdylýar.

Awtoýol heläkçilikleri sebäpli Ankaradaky Esenboga aeroportynyň ýoly iki sagatýapyldy. Hatardan çykan ulaglaryň we olaryň bölekleriniň ýoldan aýrylmagy bilen gatnaw täzeden ýola goýuldy.

Türkmenistanly agyr atletikaçy Daniýar Ismaýilow Rioda geçen Olimpiýada oýunlarynda Türkiýäniň adyndan çykyş edip, ýurduň ilkinji olimpia medalyny gazandyrypdy.

2012-nji ýylda Londonda geçirilen Olimpiýada oýunlarynda Türkmenistanyň adyndan çykyş eden Ismaýilow Londondaky bäsleşikler mahaly türk tälimçileri bilen tanşyp, soň olaryň kömegi bilen Türkiýäniň milli ýygyndy toparynyň hataryna goşuldy.

Daniýar Ismaýilowyň häzirki ýagdaýy barasynda jikme-jik maglumat ýa-da kommentariýa almak Azatlyk Radiosyna başartmady.

XS
SM
MD
LG