Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow oba hojalyk özgertmeleriniň haýallygyndan nägile bolýar


Prezident Berdimuhamedow kärendeçi bilen gürleşýär.
Prezident Berdimuhamedow kärendeçi bilen gürleşýär.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 22-nji maýda geçiren iş maslahatynda ýene bir gezek ýurduň oba hojalyk toplumyndaky reformalaryň haýallygyndan, şol sanda bu pudaga täze bellän wise-premýeri Esenmyrat Orazgeldiýewiň işinden, öz beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilmeýşinden nägile boldy.

Esenmyrat Orazgeldiýew bu wezipä aprel aýynyň başynda wezipesinden boşadylan ozalky wise-premýer Rejep Bazarowyň ornuna bellendi. Şonda-da prezident ýurduň agrosenagat toplumynyň işinden örän nägiledigini aýdypdy.

Döwlet baştutanynyň sözlerine görä, daýhanlara berilýän ägirt uly döwlet goldawyna garamazdan, ýerlerden alynýan hasyllylyk pes bolmagynda galýar, alnan hasylyň, hususan-da bugdaýyň hili pes we ýurtda sarp ediljek unuň goşmaça möçberlerini daşary ýurtlardan satyn almaly bolýar.

Azatlyk radiosynyň ýerli habarçylarynyň berýän maglumatlaryna görä, güneşli, agrar ýurt bolan Türkmenistanda undan başga-da daşary ýurtlardan alynýan azyk, gök önümleri kän, bazarlarda bolsa bahalar ýokarlanýar.

Prezident Berdimuhamedow 2007-nji ýylda prezident bolanyndan soň daýhanlaryň meselelerini gurarnykly çözmegi wada berdi, soňky iki ýyllykda ýurduň agrar pudagynyň işini, ýerleriň şorladylmagy we suwuň bisarpa ulanylmagy ýaly sowet ýyllaryndan gelýänkemçilikleri tankytlamagy ýygjamlatdy.Hususan-da ol daşary ýurtlardan satyn alynýan gökönümlere harçlanýan altyn puluň möçberinden nägilelik bildirýär.

Kadrlar çalşylsa-da, oba reformasy ýöremeýär

Şol bir wagtda, prezident Berdimuhamedowyň yzygiderli kadr çalyşmalaryna, tankydyna garamazdan, ýerli synçylaryň, Azatlyk radiosyna pikirini aýdýan daýhanlaryň pikirlerine görä, ýurduň oba hojalyk pudagynda gowulyga tarap ilerlemeler görünmeýär. Tersine, adatça 3-5 gektar ýeri kärendesine alan we döwlet bilen baglaşylan borçnama esasynda pagta, galla, şaly ýaly önümleri öndürýän daýhanlar, baýamakdan geçen,barha köp zyýana galýarlar. Bu ýagdaý prezidentiň iş maslahatynda aýdan sözlerinde hem tassyk bolýar.

Şol bir wagtda, türkmen metbugatynda daýhanlaryň önüm öndürmekdäki bökdençliginiň düýp sebäpleri barada açyk gürrüň edilmeýär.

Azatlyk radiosynyň ynamdar çeşmesiniň maýyň başynda başlanan korrupsiýa galmagalyndan öň beren habaryna görä, Baýramalydaky hukuk goraýjy resmileriň işleriniň derňelmegi olaryň daýhanlara eden basyşlaryndan, netijede kärendeçileriň bir böleginiň Aşgabada, Adalat ministrligine gelip arz etmeginden başlanypdyr.

Ýerli synçylaryň pikirine görä, Türkmenistanyň agrar pudagynda saklanyp galan problemalar ozaly ýerleriň hususy eýeçilige berilmän, kolhoz-sowhoz we ýokardan plan bermek usulynyň başgarak görnüşde saklanyp galmagy bilen bagly.

Azatlyk radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy Soltan Açylowa bilen söhbetdeş bolýan daýhanlar esasan "döwletiň oba hojalyk önümleriniň satyn alyş nyrhlaryny ýokarlandyrmazlygyndan, tutumlary bolsa ýylda artdyrmagyndan nägile bolýarlar".

Bu ýagdaý daýhanlaryň girdeji almak mümkinçiliklerini çäklendirýän, käte bergili çykmagyna getirýän kynçylyklaryň diňe biri diýlip bilinýär. Ikinji tarapdan, ozalky prezident S.Nyýazowyň dolandyryşynyň soňky ýyllarynda boýun alan “oba hojalyk korrupsiýasy” hem agrar pudakdaky ösüşe uly bökdençlik bolup durýar. Prezident Nyýazow öz wagtynda gowy ýerleriň daýhanlara däl, başga adamlara berilýändigini aýdypdy.

Žurnalist S.Açylowa bilen söhbetdeş bolan daýhanlar bu korrupsiýanyň soňky on ýylda has güýçlenendigini aýdýarlar.

Ahyr netijede, şu we beýleki çözülmedik meseleler birleşip, daýhançylyk etmek isleýän adamlaryň azalmagyna, käbir etraplarda bolsa magaryf işgärleriniň hem ýer almaga mejbur edilmegine getirýär diýip, bize gelýän maglumatlarda aýdylýar.

Golaýda Azatlyga Görogly etrabyndan gelen bir hatda aýdylmagyna görä bolsa, bu ýerde “mugallymçylygynyň daşyndan has gowy ýerlerden kärende ýer alyp, kärendesi bilen bolup ýörenleri bar. Işsiz ýören ýaş oglanlara, umuman işlemek höwesi barlara bolsa şeýle gowy ýerlerden ýer ýetenogam”.

Azatlygyň ýerli çeşmeleriniň tassyklamagyna görä, Aşgabadyň bazarlarynda Pakistandan, Eýrandan gelýän gök önünmler agdyklyk edýär, ýerli önümler az, oba ýerlerinde bolsa işsizlik köp.

Şol bir wagtda Türkmenistan halkara hukuk toparlary tarapyndan pagta ýygymy möwsüminde mejbury zähmeti ulanmakda tankyt edilýär.

XS
SM
MD
LG