Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan OPEC-iň nebit önümçiligini azaltmak ylalaşygyna ‘meýilli’


Nebiti eksport edýän döwletleriň Guramasyna agza bolmadyk Türkmenistanyň OPEC-iň maslahatyna ilkinji gezek gatnaşmagyna garaşylýar.
Nebiti eksport edýän döwletleriň Guramasyna agza bolmadyk Türkmenistanyň OPEC-iň maslahatyna ilkinji gezek gatnaşmagyna garaşylýar.

Türkmenistan Nebiti eksport edýän döwletleriň Guramasynyň, ýagny OPEC-iň agza däl ýurtlarynyň – nebitiň halkara bazaryny goldamak maksady bilen girizen – nebit önümçiligini azaltmak baradaky ylalaşygyna goşulmaga meýilli diýip, Reuters habarlar gullugy Kuweýtiň nebit, elektroenergiýa we suw resurslary ministrine salgylanyp maglumat berýär.

Maglumata görä, Saud Arabystany Türkmenistan, Norwegiýa we Müsür bilen habarlaşyp, özleriniň nebit önümçiligini kemilmek barada gürrüň edipdir. Ady agzalan döwletleriň hem öz gezeginde bu ylalaşyga goşulyp biljekdiklerini ‘aýan edendiklerini’ aýdylýar.

Reuters mundan ozalam, özüniň OPEC-däki çeşmelerine salgylanyp, Türkmenistanyň nebit önümçiligini azaltmak baradaky ylalaşyga goşulmagynyň ähtimaldygyny aýdypdy.

Ýeri gelende ýatlatsak, OPEC agzalary, Russiýa we beýleki nebit öndürijileri 1-nji ýanwardan başlap, çykarylýan nebitiň möçberini alty aýyň dowamynda günde 1,8 million barrele çenli kemeltmek barada ylalaşypdylar.

OPEC 26-njy maýda agza we agza däl ýurtlary bilen Wenada ýörite konferensiýany geçirer. Oňa Nebiti eksport edýän döwletleriň Guramasyna agza bolmadyk Türkmenistanyň hem ilkinji gezek gatnaşmagyna garaşylýar.

ABŞ-nyň Energiýa Maglumatlar Administrasiýanyň maglumatyna görä, Türkmenistanyň gündelik çykarýan nebitiniň mukdary 250 müň barrele deň.

Şol bir wagtda, OPEC-e agza bolmadyk Türkmenistan ýaly degişlilikde az nebit öndürijileriň ylalaşyga goşulmagynyň umumy ýagdaýa uly täsir ýetirmejegi barada hem nygtalýar.

Gepiň gerdişine ýatlatsak, OPEC-iň nebit önümçiligini azaltmak bardaky geçen ýylyň aýagynda baglaşan ylalaşygy 1-nji iýunda tamamlanmaly. Ylalaşygy ýene uzaltmaga taýýardygyny OPEC agza: Saud Arabystany, Yrak, Eýran, Kuweýt, Alžir; Wenesuella we agza bolmadyk: Russiýa, Azerbaýjan, Oman hem Bruneý dagy mälim etdiler.

Şol bir wagtda, häzirki Ylalyşyga girýän Gazagystanyň nähili tutumy tutjakdygy doly aýdyň däl. Almaty Kaşagan ýatagyny işe girizmek bilen 2017-nji ýylda, nebit önümçiligini artdyrmagy göz öňünde tutýardy.

Şol bir wagtda, nebit önümçiligini kemeltmekden boşadylan Eýranyň, Nigeriýanyň we Liwiýanyň ýagdaýlary hem nämälimligine galýar. Eýrana nebitiň önümçiligini halkara sanksiýalaryndan ozalky göwrümine, ýagny günde 3,8 million barrele çenli ýetýänçä mümkinçilik berlipdi. Tähran bu görkezijä şu ýazda eýýäm ýetdi.

XS
SM
MD
LG