Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan korrupsiýa garşy 'özbaşdak komitet döredýär'


Saklanan raýaty alyp barýan polisiýa işgärleri
Saklanan raýaty alyp barýan polisiýa işgärleri

Aşgabatdaky “Mekan” köşgünde “Halal zähmet—bagtyýar durmuş” ady bilen maslahat geçirilip, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň maý aýynyň başynda korrupsiýa garşy yglan eden ählihalk göreşiniň tutuş jemgyýetçilik tarapyndan goldanylýandygy bildirildi.

Bu “halk goldawy” prezident Berdimuhamedowyň döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ýaýlym Berdiýewe hem-de Mejlisiň başlygy Akja Nurberdiýewa ýurtda parahorlugyň we korrupsiýanyň soňuna çykmak boýunça ýörite programma işläp düzmegi tabşyrmagynyň yz ýanyna gabat geldi.

Şu aralykda türkmen metbugaty Mejlisiňkorrupsiýa garşy göreş baradaky programmany işläp taýýarlamak boýunça toplumlaýyn çäreleri görýändigini habar berdi.

Azatlygyň radiosynyň hökümetdäki ynamdar çeşmesiniň maglumatyna görä, häzir korrupsiýa we parahorluga garşy göreş boýunça ýörite komitet döredilýär we ol häzire çenli bar bolan harby hem-de hukuk goraýjy guramalardan garaşsyz işlemeli. “Täze komitetiň başlygynyň kim bolmalydygy maslahatlaşylýan wagtynda hukuk goraýjy işgärleriň arasynda bu komitete işe girmek üçin näçe para bermelidigi barada gürrüň edilýär” diýip, ynamdar çeşme aýdýar.

Onuň sözlerine görä, resmileriň arasynda täze yglan edilen korrupsiýa göreşine ynamsyz garaýan, prezidentiň korrupsiýany köki-damar bilen ýok etmek baradaky çagyryşyna gülýän adamlar-da bar. Şonuň bilen birlikde, ol korrupsiýa derňewleriniň has giň gerime eýe bolýandygyny, türmä basylan adamlaryň köpelmek ähtimallygyny duýdurýar.

Emma muňa garamazdan, resmi Aşgabat korrupsiýa galmagalynyň gapdaly bilen garaşsyz habar serişdelerinde çykan we resmi habarlara laýyk gelmeýän maglumatlara hiç bir reaksiýa bildirmeýär.

Mysal üçin, “Türkmenistanyň Hronikasy” saýty we Azatlyk radiosy, öz çeşmelerine salgylanyp,ozalky wise-premýer Batyr Ereşowyň özüni asandygyny habar berdi.

Çeşmäniň tassyklamagyna görä, öňki wise premýeriň ýokarsyndaky bulutlar ýanwar aýynda, Aşgabatda gurlan we sentýabrda ulanmaga berlen täze halkara uçar menziliniň binalarynda dörän näsazlykdan soň garalyp başlaýar.

Azatlyk radiosy Türkiýäniň “Polimeks” gurluşyk kampaniýasy tarapyndan2,3 milliard dollara gurlan binada dörän näsazlyklar hakynda şu ýylyň ýanwar aýynyň başynda habar beripdi. Aýdylmagyna görä, täze gurlan uçar menziliniň binasyndaky näsazlygy derňeýän ýörite komissiýa onuň gurluşygynda ýaramaz hilli sementiň ulanylandygyny ýüze çykarýar.

“Ähli zat Ereşowyň gözegçiligindäki sement zawodynda geçirilen barlagdan soň başlandy. Apreliň ortalarynda hukuk goraýjy işgärler sement zawodyna duýdansyz reýd geçirip, ýetmezçiligiň, şeýle-de uly möçberdäki parahorlygyň üstüni açdylar. Munuň yzy bilen, Ereşowyň ogly uly mukdardaky pul serişdeleri bilen saklandy” diýip, Azatlyk Radiosynyň çeşmesi maglumat beripdi.

Emma türkmen häkimiýetleri bu aýdylýanlary ne tassyklaýar, ne-de ret edýär. Azatlygyň çeşmeleriniň maglumatyna görä, ozalky baş prokuror Amanmyrat Hallyýew hem tussag edildi, onuň ýokary okuw jaýynyň 5-nji kursunda okaýan ogly bolsa okuwdan çykaryldy. Şeýle-de çeşme korrupsiýa we parahorluk faktlarynda aýyplanan adamlaryň derňewiniň öňki resmileriň garyndaşlaryny, çagalaryny işden we okuwdan çykarmak bilen hem utgaşdyrylýandygyny aýdýar.

Mälim bolşy ýaly,prezident Berdimuhamedow ýakyn garyndaşlary sud jogapkärçiligine çekilen adamlaryň ýolbaşçy wezipelere bellenmezliginiň kanunlaşdyrylmagyny talap edýär. Emma beýle adamlaryň çagalarynyň okuwdan çykaryljagy barada entek zat aýdylmandy.

TDH-nyň maglumatyna görä, türkmen parlamenti prezidentiň tabşyryklary esasynda “hereket edýän jenaýat kanunçylygyny kämilleşdirýär”.

Ýatladýarys, prezident Berdimuhamedow 12-nji maýda geçiren hökümet maslahatyndaparahorluk we korrupsiýa üçin bellenilýän jeza çärelerini has güýçlendirmegiň we parahorluga baş goşan adamlaryň günälerini geçmezligiň “maksada laýyk boljakdygyny” aýtdy.

XS
SM
MD
LG