Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ozalky wise-premýeriň janyna kast edendigi aýdylýar


Batyr Ereşow
Batyr Ereşow

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňki wise-premýeriniň öz janyna kast edendigi aýdylýar. Batyr Ereşowyň tarpa-taýyn ýogalandygy baradaky habaryň türkmen mediasynda peýda bolmagyndan birnäçe gün öň, ol özüne kast etdi, diýip Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri maglumat berýärler.

Ynamdar çeşmäniň aýtmagyna görä, senagat meselelerine hem Lebap welaýatyna gözegçilik eden Ereşow 29-njy ýa 30-njy aprelde, öz oglunyň uly mukdardaky pul serişdeleri bilen tutulmagynyň yz ýany janyna kast edipdir.

Ereşowyň öz-özüni heläkländigi barada 21-nji maýda “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri hem habar berdi.

Şol bir wagtda, Ereşowyň özüne kast edendigi baradaky maglumat Azatlyk Radiosyna baryp 8-nji maýda gowşupdy. Emma, käbir, şol sanda Ereşowyň oglunyň haýsy ýagdaýlarda tussag edilendigi, onuň ýaşy we ýanyndan tapylan puluň mukdary ýaly jikme-jikler nämälim bolmagyna galýar.

Azatlyk Radiosynyň türkmen hökümetindäki çeşmesi Ereşowyň oglunyň tussag edilmegi bilen onuň özüni hem yzarlap başlapdylar. Şeýle-de, Ereşowa onuň ýakynda özüniň-de tussag ediljekdigi baradaky maglumat syzdyrylypdyr.

Onuň sözlerine görä, Ereşowyň oglunyň tussag edilmeginiň öňýany Lebabyň sement zawodynda barlag geçirilip, ol ýerde boldy diýilýän parahorlygyň üsti açylypdyr.

“Ähli zat Ereşowyň gözegçiligindäki sement zawodyndaky barlagdan soň başlandy. Apreliň ortalarynda hukuk goraýjy işgärleri sement zawodyna duýdansyz reýd geçirip, ýetmezçiligiň, şeýle-de uly möçberdäki parahorlygyň üstüni açdylar. Munuň yzy bilen, Ereşowyň ogly uly mukdardaky pul serişdeleri bilen saklandy” diýip, Azatlyk Radiosynyň çeşmesi maglumat berdi.

Ereşowyň oglunyň adyny, ýaşyny, şeýle-de onuň sement zawodunyň işindäki orny baradaky maglumatlary anyklaşdyryp bolmady. Emma Merkezi Aziýa döwletlerinde adat bolşy ýaly, ýokary wezipeli adamlaryň garyndaşlary, hususan-da ogullary öz ene-atalarynyň kontrollygyndaky pudaklara gözegçilik edýärler.

Azatlyk Radiosynyň ýene bir çeşmesi Ereşowyň ölüminiň yglan edilmeginden birnäçe gün öň, onuň özüne kast edendigini tassyklady. Ol Ereşowyň oglunyň 24-25-nji aprel aralygynda tussag edilendigini, öňki resminiň hem 29-30-njy aprel töwerekleri özüni öldürendigini aýtdy.

“Onuň ogly ummasyz pul bilen tutuldy. Ereşowy yzarlap başladylar. Onuň golaýda tussag ediljekdigi barada dürli ýerlerden duýduryp başladylar. Ol mundan soň özüni asyp, janyna kast etdi. Onuň jesedini äkidip, üç günläp bermän sakladylar. Soňra ony yzyna beripdirler. Tassyklanmadyk maglumatlara görä, ol dogduk ýurdy – Özbegistanda jaýlanypdyr” diýip, howpsuzlyk howatyrlanmalary sebäpli atlandyrylmasyzlygyny soran Azatlyk Radiosynyň çeşmesi gürrüň berdi.

“Türkmenistanyň hronikasy” neşiriniň maglumatynda hem Ereşowyň Özbegistanyň Buhara oblastynda jaýlanandygy tassyklanýar. Azatlyk Radiosynyň beýleki çeşmesi hem Ereşowyň aslynyň Özbegistandandygyny tassyklady.

Ýöne türkmen mediasyndaky peýda bolan maglumatda, Batyr Narkulyýewiç Ereşowyň 1966-njy ýylyň 13-nji iýunynda Lebabyň Garaşsyzlyk etrabynyň S.A. Nyýazow obasynda doglandygy aýdylýar. Sowet döwri bu raýon “Moskowskiý” atlandyrylyp, ol Buhara oblasty bilen goňşulykda ýerleşýär.

Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri Ereşowyň jesediniň üç günläp berilmän saklanandygyny, onuň diňe öldi habary çap edilenden soň berlip; gyssagara jaýlamagy hem tabşyrylandygyny aýtdylar.

Ýeri gelende bellesek, Ereşowyň ölüminiň 3-nji maýda yglan edilmeginiň yz ýany, ýagny 4-nji maýda Türkmenistanyň baş prokurory Amanmyrat Hallyýew wezipesinden boşadylypdy. Hallyýew bilen birlikde ýurduň Prokoratura we Içeri işler pudaklarynyň onlarça emeldarlary wezipesinden çetleşdirilipdiler.

Mundan soň, Azatlyk Radiosy öňki baş prokuroryň we beýleki 50-ä golaý wezipeli adamlaryň tussag astyna alnandygy barada maglumat beripdi.

Şol pursat, Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri Hallyýewiň we beýleki emeldarlaryň “Aziada-2017” oýunlary üçin barly telekeçilerden we raýatlardan pul serişdelerini toplamak tabşyrygyny ýerine ýetirip bilmändigi üçin, jezalandyrylandygyny aýdypdylar.

Azatlyk Radiosyna maglumat beren bir çeşmäniň maglumatlaryndan çen tutulsa, haçan-da bir prokuroryň öýünden 15 million dollar pul tapylanda, prezident Berdimuhamedow gazaba münüpdir.

Azatlyk Radiosynyň bu baradaky habaryndan soň, döwlet mediasy tussag edilen onlarça adam barada reportaž beripdi.

Galyberse-de, geçen ýylyň tomsunda Balkanabatda “Türkmennebit” döwlet konsernine degişli bolan Esasy nebit geçirijiler Müdirliginiň başlygynyň iş otagynda özüni asandygy barada maglumatlar peýda bolupdy.

1971-nji ýylda doglan, asly Balkanyň Gazanjyk şäheriniň Isgender obasyndan bolan 45 ýaşly Baýramyň öz janyna kast etmeginiň eýeleýän wezipesi, has dogrusy edarada alnyp barylýan derňew işleri bilen baglydygy aýdylypdy.

XS
SM
MD
LG