Moskwanyň sudy Kreml bilen bagly oligarch Alişer Usmanowyň oppozision syýasatçy we korrupsiýa garşy aktiwist Alekseý Nawalnyny töhmet atmakda aýyplap eden şikaýaty boýunça diňlenişige başlady.
Lýublinskiý etrap suduň sudýasy Marina Wasina 30-njy maýda geçirilen sud diňlenişiginiň, gatnaşýan taraplaryň razylygyna garamazdan, wideo arkaly görkezilmegine rugsat berilmejegini aýtdy.
Işiň gozgalmagyna Nawalnynyň premýer-ministr Dmitriý Medwedewiň Orsýetdäki we daşary ýurtlrdaky elmägini dolandyrmak üçin ynsanperwer guramalary ulanmak arkalygiň möçberli korrupsiýa baş goşandygyny öňe sürüp, ýaýradan wideosy seýbäp boldy.
Çaklamalary biri Usmanowyň Moskwanyň etegindäki 50 million dollarlykýeri Medwedewiň fonduna “sowgat” hökmünde berendigine esaslanýar.
Nawalnyý suda gatnaşdy, emma Usmanowyň adyndan onuň aklawçysy Genrih Padwa gatnaşdy.
Nawalnynyň aklawçysy suduň işiniň ýatyrylmagyny we oňa arbitraž sudunda garalmagyny sorady. Emma sudýa bu talaby, şeýle-de Sotsgosproýekt sosial fondundan Usmanowdan satyn alandygy baradaky dokumenti görkezmegiň talap edilmegi hakyndaky haýyşy ret etdi.
Suduň resminamalaryna görä, Usmanow kompensasiýa islemýär. Ol Nawalnynyň wideoda öňe süren ençeme aýyplamasy, şol sanda Usmanowyň para berendigi, jenaýatçy bolandygy, Orsýetde salgyt tölemändigi, sowet döwründe zorlukda aýyplanandygy we dag-magdan kärhanalaryň bikanun hususylaşdyrylmagyna gatnaşandygy ýaly aýyplamalary üçin ötünç soramagyny isleýär.
Meniň pikirimçe, bir haltasy 1000 manat diýjek bolupdyrlar öýdýän. Soňam siziň belligiňizden utanyp, çekinip, düzetmändirler ýa-da düzetmegi özlerine kiçilik bilen bolara çemeli. Türkmen hökümedi ýaly, bular hem tankyda bolanoklar ahyry. Bellik edip ýazan düzedişiň bir hepde geçensoňlar goýýarlar. Hamala, söz azatlygy, tankydy kabul edýän kişi bolup. Bir hepdeden bolsa makala arhiwe geçip gidýär.
Путин ол "Дворец" мана дегишли дал диййар ,болманда ол озунинкидигини айдармы ?Ол хемише органын стили билен херекет эдйар , ягны хич вагт боюн алмалы далдир дийлен ! Олара гуйч болса ,эдил озлеринин хич бир дунйадаки адамлары,гурамалары адам хасабында гормейишлери ялы ,хич зат сораманы сонкы басышы этмели Кремльин хеммесине , йоне Песковы ятдан чыкарманы ! Шол басышдан сонра оларын барысы халкын онунде ,оларын дызларына чокуп отунч сорар ялы ягдай доретмели!