Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabul: Media maglumatlarynda protestleriň dowamynda polisiýanyň howa ok atandygy aýdylýar


Protest, Kabul, 2-nji iýun, 2017
Protest, Kabul, 2-nji iýun, 2017

Media maglumatlarynda Owganystanyň howpsuzlyk güýçleriniňprezident Aşraf Ghaniniň wezipeden çekilmegini talap edip geçirilen protestleriň golaýynda howa ok atandygyny habar berdiler. Protestler 31-nji maýda Kabulda azyndan 90 adamyň ölümine we 460 adamyň ýaralanmagyna sebäp bolan güýçli partlamanyň yzýanyna gabat geldi.

2-nji iýunda geçirilen protestlere 1000-den gowrak adam gatnaşdy.

Reuters agentligi howpsuzlyk güýçleriniň käbir protestçileriň polisiýanyň gabawyny böwsüp geçmäge synanyşmagyndan soň howa atandygyny habar berdi.

Ýene bir maglumatda polisiýanyň ok atmagyndan soň hem protestçileriň prezidentiň köşgüne tarap ýöremegini dowam etdirendigi, emma köp demonstrantyň gaçandygy aýdylýar.

ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky koalisiýa 2001-nji ýylda Owganystanda “Talybany” häkimiýet başyndan agdaraly bäri Kabulda bolan iň heläkçilikli hüjümiň jogapkärçiligini hiç bir topar öz üstüne almady.

“Talyban” hüjümiň jogapkärçiligini ret etdi.

Reutersiň maglumatyna görä, Owganystanyň esasy aňtaw agentligi hüjümiň “Talyban” bilen bagly“Hakkani” toparynyň Pakistandan alan goldawy bilen amala aşyran bolmagyny güman edýär.

XS
SM
MD
LG