Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň Pariž şertnamasyndan çykmagy Putini ruhdan düşürmedi


"Gaýgy etmäň, şat boluň!” diýip, Putin Sank-Peterburgda guralan ykdysady forumda degişdi.

Dünýä liderleriniň köpüsi 2-nji iýunda ABŞ-nyň 2015-nji ýylda baglaşylan Pariž klimat özgermesi şertnamasyndan çykmagyndan lapykeç bolan-da bolsa, Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin ruhdan düşmedi.

"Gaýgy etmäň, şat boluň!” diýip, Putin Sank-Peterburgda guralan halkara ykdysady forumda degişdi.

Ol klimat şertnamasynyň hakykatda 2021-nji ýyla çenli resmi taýdan güýje girmejekdigini ýatlatdy we munuň döwletlere global maýlama bilen göreşmekde has konstruktiw çözgütleri tapmaga wagt berjekdigini aýtdy.

Putin ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy bu şeretnamdan çykmak karary üçin ýazgarmak islemeýändigini hem sözüne goşdy. Emma ol Waşington kömürturşy gazlary azaltmak barada Obama adminstrasiýasynyň beren has uly wadalaryny biraz kemelden ýagdaýynda ondan çykmasa-da bolardy diýdi.

"Bu gowy şertnama. Ol şu günüň global problemalarynyň birini çözmäge gönükdirilen dogry-düzüw dokument” diýip, Putin belledi. Orsýet Pariž şertnamasyna gol çekdi, emma ony entek tassyklamady.

XS
SM
MD
LG