Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyzystanyň öňki kanun çykaryjysy Japarow suda çekildi


Sadyr Japarow

Gyrgyzystanyň öňki kanun çykaryjysy Sadyr Japarowyň 2013-nji ýylda hökümet resmisini zamun almak aýyplamasynyň esasynda başlanan sud işi 6-njy iýunda ýene dowam etdirildi.

Sadyr Japarow aýyplamalary ret etdi we syýasy matlaply atlandyrdy.

Üç ýyllyk meýletin sürgünlikden Gyrgyzystana gaýdyp baran Japarow 25-nji martda tussag edilipdi.

Japarow zamun saklamakda, oňa ölüm haýbatyny atmakda, başbozarlykda we hökümet resmisine zorlukly hüjüm etmekde aýyplanýar. Bu aýyplamalar Japarowyň 2013-nji ýylda Kumtor altyn käniniň golaýynda onuň döwlet eýeçiligine berilmegini talap edip, geçirilen protest çykyşlarynda oýnan roly bilen ilteşikli.

Özüni oppozision syýasatçydygyny açyk yglan eden Japarow hökümetiň ýokary wezipeli agzasydy we öňki prezident Kurmanbek Bakiýewiň geňeşçisidi.

2010-njy ýylda Bakiýewiň döwlet başyndan çetleşdirilmeginden soň Japarow ýurduň parlamentiniň agzasy boldy.

XS
SM
MD
LG