Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaý Pakistanda harby bazasyny ýerleşdirmek isleýär diýip, Pentagon aýdýar


Pakistanda harby türgenleşiklere gatnaşmak üçin baran Hytaýyň harby deňiz güýçlerini garşy almak boýunça dabara, Karaçi, 9-njy fewral, 2017
Pakistanda harby türgenleşiklere gatnaşmak üçin baran Hytaýyň harby deňiz güýçlerini garşy almak boýunça dabara, Karaçi, 9-njy fewral, 2017

Hytaý Afrikada ilkinjisi harby bazalaryny açandan soň, beýleki ýerlerde-de harby bazalaryny döredip başlamaga taýýar diýip, Pentagonyň 6-njy iýunda çap bolan hasabatynda aýdylýar we Pekiniň öz bazasyny Pakistanda ýerleşdirmek isleýändigi hakyndaky çaklamalar öňe sürülýär.

Öz harby çykdajylaryny ýylda 180 milliard dollardan geçiren Hytaý Djiboutide özüniň ilkinji daşary ýurtly harby bazasyny gurup, “uzak wagtlap dostlukly gatnaşyk saklap gelýän we Pakistan ýaly meňzeş strategik maksatlaryna eýe bolan ýurtlarda goşmaça harby bazalaryny döretmek isleýär” diýlip, hasabatda bellenýär.

Hasabatda aýdylyşyna görä, Pakistan Aziýa-Ýuwaş okean regionynda Hytaýyň ýaragy üçin esasy bazar bolup durýar. 2011-2015-nji ýyllarda Hytaýyň 20 milliard dollardan aşan ýarag eksportynyň ýarysy regionyň paýyna düşdi.

Hytaý geçen ýylda Pakistana sekiz sany suwasty gämisini satmak hakynda şertnama baglaşdy.

Hytaýyň harby programmasy Aziýada, Afrikada we Ýewropada portlary, demir ýollary we gara ýollary öz içine alýan “Täze ýüpek ýoly” döretmek inisiatiwasy bilen bagly.

Hytaýyň bu inisiatiwasyny Pakistan, Owganystan we Merkezi Aziýanyň ençeme ýurdy goldady we ony garyplykdan çykalga hökmünde kabul etdi.

XS
SM
MD
LG