Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan nemes kombaýnlaryna un sepip, ýüzärlik tütedip, oraga başlady


Ahalda galla oragy, 2012.
Ahalda galla oragy, 2012.

Şu gün, 7-nji iýunda Türkmenistanyň Ahal, Balkan, Mary we Lebap welaýatlarynda galla oragy başlandy.

Döwlet baştutanynyň geçen hepde beren ak patasyna laýyklykda, galla oragy ýurduň demirgazyk welaýatynda, Daşoguzda 14-nji iýunda başlanar.

Türkmenistan garaşsyzlygyň başky ýyllaryndan bäri ýurduň ilatyny öz sarp etjek uny, gallasy bilen üpjün etmek syýasatyny ýöredýär we hökümetiň daýhanlar üçin ähli şertleri döredýändigini, tehnika, dökün, tohum we suw kömegini wagly-wagtynda berýändigini aýdýar.

Prezident Berdimuhamedow döwletiň berýän kömekleri diýilýäni galla oragyna ak berende hem ýatlatdy we türkmen daýhanlarynyň ýurtda “azyk önümleriniň bolçulygyny döretmäge öz mynasyp goşantlaryny goşýandyklaryny” aýtdy.

Ýöne ol soňky iki ýylda käte progresiň ýokdugyny ykrar edýär we maý aýynyň içinde hem ýurduň agrar pudagynyň ýolbaşçylarynyň işinden örän nägile boldy we ýurduň, eksport etmek mümkinçilikleriniň bardygyna garamazdan, daşary ýurtlardan un satyn almaly bolýandygyny, daýhan hojalyklarynyň bolsa köpüsiniň zyýanyna işleýändigini boýun aldy.

Berdimuhamedowyň sözlerine görä, bu ýagdaýyň sebäbi daýhan hojalyklarynyň netijesiz işlemegi, olaryň öndürýän önümleriniň hiliniň pesligi bilen bagly.

Döwlet baştutany geçen ýyl geçiren göçme mejlislerinde hem ýurtdaky ekerançylyk ýerleriniň şorladylmagy, hasyllylygyň pesligi barada gürrüň edip, sowet döwründen gelýän oba hojalyk problemalarynyň saklanyp galýandygyny tassyklady we daýhanlaryň elini işden sowadýan hakyky sebäpleri, ýagny olaryň Azatlygyň habarçylaryna aýdýan zatlaryny agzaman, kemçilikleri gysga wagtda düzetmegi talap etdi.

Berdimuhamedowdan öň resmiler bu hili tankydy pikirleri ýa-da hakyky problemadan ünsi sowýan aýyplamalary öňki prezident S.Nyýazowdan eşitmeli bolýardylar.

Prezidentler S.Nyýazowdan we G.Berdimuhamedowdan tapawutlylykda synçylar, şol sanda Türkmenistanyň oba hojalyk ministriniň ozalky orunbasary Saparmyrat Yklymow hasylsyzlyk ýa netijesizlik meselesinde türkmen daýhanlaryny däl-de, eýsem sowetleriň kolhoz syýasatynyň başgarak görnüşde saklanyp galynmagyny günäkärleýär. Onuň pikiriçe, türkmen daýhanyna indi kärendeçi diýilse-de, onuň ne ýere, ne öndüren önümine, hiç zada ygtyýary ýok.

Azatlyk radiosy bilen söhbetdeş bolýan daýhanlar hem bu pikiri tassyklaýarlar we bir tarapdan suwa, tehnika, döküne ygtyýary bolan ýerli häkimiýetleriň korrupsiýasy, ikinji tarapdan döwlet satyn alyş nyrhlarynyň ýokarlandyrylmazlygy netijesinde, köplenç bergili çykýandyklaryny aýdýarlar.

Aýdylmagyna görä, daýhanlara 25 ýyllap erk-ygtyýar berilmezligi ýurduň içerki bazarlarynyň daşary ýurtlardan getirilýän azyk önümlerine garaşlylygyny artdyrýar we ýaşlaryň ata-babadan gelýän daýhançylykdan daşlaşyp, köpçülikleýin ýagdaýda şäherlere we daşary ýurtlara iş gözläp gitmegine getirýär.

Emma muňa garamazdan, türkmen mediasy ozal Nyýazowyň ‘oba syýasatyny’ öwen bolsa, indi Berdimuhamedowyň ‘oba syýasatyny’ wasp edýär we galla oragynyň başlanmazynyň öň ýanynda ýurda dünýä belli “СLAAS” nemes maşyn gurluşyk kompaniýasynyň “TУKAHO 430” kysymly galla orujy kombaýnlarynyň ilkinji tapgyrynyň getirilendigini habar berýär.

TDH-nyň habaryna görä, gala oragy mynasybetli dabara gatnaşýan ýaşulular täze kombaýnlary ak un sepip, ýüzärlik tütedip garşylapdyrlar we Türkmenistanyň gülläp ösmegini diläpdirler.

XS
SM
MD
LG