Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hindistaniň, Pakistanyň ŞHG doly derejeli agzadygy yglan ediler


Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna girýän döwletleriň daşary işler ministrleri, Astana, 21-nji aprel, 2017
Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna girýän döwletleriň daşary işler ministrleri, Astana, 21-nji aprel, 2017

Hindistanyň we Pakistanyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna doly derejeli agza hökmünde yglan edilmegine garaşylýar. Regional howpsuzlyk guramasynyň sammiti Gazagystanyň paýtagty Astanada başlandy.

Hytaýy, Orsýeti we Merkezi Aziýanyň dört döwletini Gazagystany, Gyrgyzystany, Täjigistany we Özbegistany öz içine alýan guramanyň iki günlük sammiti 8-nji iýunda başlandy.

Hytaýyň prezidenti Ksi Jinping 7-nji iýunda Astana bardy we Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew bilen duşuşyp, ýurtlaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryny ara alyp maslahat etdi.

Sammitiň geçýän wagtynda Hytaýyň ýolbaşçysynyň we Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň arasynda hem duşuşyk bolar. Olar Koreýa ýarymadasyndaky ýagdaýy ara alyp maslahat ederler, diýip Kremliň geňeşçisi Ýuriý Uşakow aýtdy.

Pakistanyň we Hindistanyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza bolmagy 2015-nji ýylyň iýul aýynda tassyklanypdy.

Owganystan, Belarus, Eýran we Mongolia guramada synçy statusyna eýe boldylar.

XS
SM
MD
LG