Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan bilen Ysraýyl syýasy konsultasiýa geçirdi


Ysraýylyň premýer-ministri Benjamin Netanýahu
Ysraýylyň premýer-ministri Benjamin Netanýahu

Ierussalim şäherinde Türkmenistan bilen Ysraýylyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde syýasy maslahat geçirildi diýlip, türkmen Daşary işler ministrligi habar berýär.

Ministrligiň 8-nji iýunda ýaýradan maglumatynda bellenilmegine görä, iki ýurduň daşary işler ministrleriniň orunbasarlary syýasy, söwda, ykdysady, medeni, ynsanperwer ugurlar, şeýle-de senagat, ýokary tehnologiýalar, suw hojalygy, saglygy saklaýyş we syýahatçylyk pudaklary boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri dogrusynda maslahat etdiler.

Geçen ýylyň 31-nji maýynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow üç günlük resmi sapar bilen Ysraýyla barypdy. Şonda Ysraýylyň Daşary işler ministrligi munuň soňky 20 ýyla golaý wagtyň dowamynda ýokary derejeli türkmen resmisiniň Ysraýyla eden ilkinji resmi sapary bolandygyny aýdypdy.

Türkmenistan bilen Ysraýylyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1993-nji ýylda ýola goýuldy.

XS
SM
MD
LG