Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obalylar SSSR döwrüniň mal salgydynyň dikeldilmeginden alada galýarlar


Mary, obaly çopan mallaryny örä çykarýar.
Mary, obaly çopan mallaryny örä çykarýar.

Türkmenistanda oba adamlary prezidentiň “Tebigy serişdelerden peýdalanyjylara salgyt salmak aýratyn bir ugur bolup durýar” diýen sözlerinden alada galdylar diýip, ýerli çeşme habar berýär.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu sözleri 6-njy iýunda geçiren iş maslahatynda, S.Nyýazow tarapyndan 1993-nji ýylda girizilen ýeňillikler ulgamyny ýatyrmak teklibini edende aýtdy we adamlar indi öňki prezidentiň ýatyran ‘mal salgydynyň’ hem dikeldilmeginden howatyr edýärler diýip, ýerli synçylar belleýär.

Prezident Berdimuhamedow tebigy serişdelerden peýdalanyjylara salgyt salmak pikirini “bu ugurda emele gelen töleg ulgamynyň tebigy rentanyň adalatly we ykdysady taýdan esaslandyrylan möçberiniň alynmagyny üpjün etmeýändigi” bilen delillendirýär.

Şeýle-de prezident wise-premýer Bäşimmyrat Hojamämmedowa salgyt ulgamyny kämilleşdirmek meselesiniň üstünde işlemegi tabşyrdy diýip, TDH-nyň habarynda aýdylýar.

Ýerli synçy Amanmyrat Bugaýew oba adamlarynyň, hususan-da maldarlaryň alada galmagynyň esassyz däldigini, sebäbi SSSR dargandan soň Türkmenistanda mal üçin salynýan salgydyň ýatyrylandygyny aýtdy.

Maglumat üçin aýdylsa, SSSR zamanynda Türkmenistanda şahsy hojalyklarda on sany dowar we bir sygyr ýa düýe saklamaga rugsat edilýärdi we olar üçin hökmany salgyt salynýardy.

Türkmenistanyň ilkiji prezidenti S.Nyazow SSSR darganyndan soňmal salgydynyň ýatyrylýandygyny, adamlaryň isledigiçe mal saklap biljekdigini aýtdy we mally adamlara döwlet goldawyny hem wada berdi. Sebäbi bu hem adamlaryň, hem döwletiň bähbitlerine gabat gelýärdi, ýurtda dargaýan kolhoz-sowhoz sistemasyndan soň ulanylman galýan ummasyz uly öri meýdanlary, tebigy serişdeler bardy diýip, synçylar aýdýar.

Ýazyjy Amanmyart Bugaýew bu wadanyň belli bir ykdysady netije berendigini, adamlaryň döwlet baştutanynyň sözüne ynanyp, mal edinip başlandygyny, muňa durmuşyň özüniň, ozalky oba hojalyk, maldarçylyk pudaklarynyň dargamagy netijesinde dörän işsizligiň hem mejbur edendigini aýdýar.

Azatlygyň ýerli çeşmeleri türkmen hökümetiniň maldarlara beren wadasyny yzyna almak ähtimallygy barada mundan iki-üç ýyl öň habar berdiler. Bu alada adminstratiw düzgün bozmalar baradaky kodeksde ýörite jerimeleriň girizilmegi, şol sanda şahsy hojalygynda mal saklaýan adamlaryň öri meýdany we çöldäki guýular üçin töleg tölemeli edilmegi sebäp boldy.

"Bellemeli ýeri, Türkmenistanyň maldarçylyk hakyndaky kanunynda beýle zatlar ýok" diýip, Bugaýew aýdýar. "Emma indi adamlar, öri meýdany we guýular üçin talap edilýän tölegleri töläp bilmese, jerimäniň möçberi birinji gezekden ikinji, üçünji gezege köpelip, artyp gidip otyr".

Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri bu habar bilen baglylykda çap eden maglumatynda Aşgabatdan Daşoguz welaýatyna iberilen komissiýanyň adamlary eýýäm öz melleklerinde ýer astyndan öz güýçleri bilen çykarýan suwlary üçin hem töleg tölemäge borçly edýändigini belledi.

Türkmen prezidentiniň “tebigy serişdelerden peýdalanyjylara salgyt salmak” tabşyrygy bilen bagly entek hiç bir anyk zadyň ýokdugyna garamazdan, ýerli çeşmäniň tassyklamagyna görä, adamlar “mellek ýeri, mellek ýeriňde ulanan suwuň üçinem ýörite salgyt tölemeli bolmagy mümkin, mellekden alynýan önümler üçin girdeji salgydynyň-da girizilmegi ähtimal” diýip alada galýarlar.

Şonuň bilen birlikde synçylar döwletiň öri meýdanlaryny suwlulandyrmakda maldarlara hiç hiç hili kömek etmeýändigini, oba adamlarynyň mellek ýerlerine suw barmansoň, hojalyklaryň öz güýji bilen guýy gazdyryp, suw çykarmaga mejbur bolýandygyny belleýärler.

Ol adamlar öňem iň bir agyr durmuş şertlerinde ýaşaýarlar, ilki hökümet adamlarda salgyt salar ýaly iş, ýaşaýyş şertlerini döretmeli, salgydy soň salmaly, işlemäge şert döretmän salgyt salmak adalatsyzlygy köpelder” diýip, ýazyjy Bugaýew Azatlyk radiosyna aýtdy.

XS
SM
MD
LG