Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kadr ýetmezçiligi kowulýan pensionerleriň 'dadyna ýetýär'


Saglyk dokumentlerini jemleýän geljekki studentler
Saglyk dokumentlerini jemleýän geljekki studentler

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “ýokary derejeli hünärmenleri pensiýa ýaşyna ýetenden soň hem işini dowam etdirmäge höweslendirmegiň zerurdygyny” aýdyp, hünärleri kadrlary ýetişdirmek ugrunda edilen tagallalaryň ýeterlik bolmandygyny gytaklaýyn tassyk etdi.

Mundan öň, has anygy aparmyrat Nyýazowyň ýurdy dolandyran ýyllarynda Türkmenistanda on müňlerçe adamyň pensiýalarynyň azaldylandygy ýa kesilendigi hakynda habarlar çykypdy, soň Berdimuhamedowyň ol pensiýalary dikeldendigi habar berildi.

Ýöne aralykda pensiýa ýaşyna ýeten, emma işlemek isleýän adamlaryň işden çykarylýandygy, prezidentiň çykdajylary azaltmak talaplary bilen bagly ştat kemeltmelerde, hünär ussatlygyna garamazdan, ilki pensiýa ýaşyna ýeten adamlaryň işden çykarylýandygy barada maglumatlar gelip gowuşdy.

Indi bolsa prezident birden “raýatlaryň goşmaça pensiýa toplamalaryny höweslendirmek”, “ýokary derejeli hünärmenleri pensiýa ýaşyna ýetenden soň hem işini dowam etdirmäge höweslendirmek zerurlygy” barada gürrüň edýär.

Ýerli synçylar prezidentiň birden pensionerleriň aladasyny etmeginiň ýurtda dörän uly kadr ýetmezçiligi bilen baglydygyny, hökümetiň häzirki kyn ykdysady şertlerde islese-islemese SSSR döwründe ýetişdirilen hünärmenlere daýanmaly bolýandygyny, sebäbi soňky 25 ýylda kadr ýetişdirmek meselesinde düýpli kemçilikleriň goýberilendigini aýdýarlar.

Ýerli synçy Amanmyrat Bugaýew kadr ýetmezçiliginiň soňky ýyllarda, daşary ýurtlarda gowy bilim alan ýaşlaryň ýurda dolanmagynyň azalmagy netijesinde has ýiti duýlup başlandygyny belledi.

Sebäbi daşary ýurtlarda alnan diplomlary Türkmenistanda ykrar etdirmek uly derdeser, olary bagtyň çüwüp ykrar etdirseň, iş tapmak ondanam kyn; ýa iş bar ýerlerinde ýaşlary ýaşaýyş jaýlary, gaýry durmuş hyzmatlary bilen üpjün etmegem uly problema” diýip, ýazyjy Amanmyrat Bugaýew Azatlyk radiosyna aýtdy.

Bugaýewiň tassyklamagyna görä, günbatar Türkmenistanda, ylaýta-da nebit-gaz pudagynda ýüzläp hünärmen ýetmezçilik edýär, hökümet bu ýagdaýy boýun hem alýar, emma ol ýere baryp işlejek adamlar üçin ýaşaýyş şertlerini döredip bilmeýär.

Ikinji tarapdan, ýerli synçylar ýurduň öz ýokary jaýlaryny tamamlaýan ýaşlaryň köpüsiniň bilim, hünär derejesiniň juda pesdigini, metbugatda taryplanýan bilim reformasynyň garaşylýan netijeleri bermändigini aýdýarlar.

Ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bu ýagdaýyň hususan-da medisina, saglygy saklaýyş pudagynda ýiti duýulýandygyny, adamlaryň garaşsyzlyk ýyllarynda bilim alan lukmanlara däl-de, sowet döwründe bilim alan wraçlara ýüz tutanlaryny gowy görýändiklerini belleýär.

Aýdylmagyna görä, täze gurlan saglyk merkezlerinde döwrebap tehnikalar bilen üpjün edilen lukmanlaryň näsaga goýýan diagnozlarynyň ýalňyş çykýan wagty hem az bolmaýar. Bu hili agyr ýagdaý magaryf pudagynda hem ýiti duýulýar.

Bugaýew soňky ýyllarda öňki halypa mugallymlaryň derejesindäki tejribeli, bilimli mugallymlaryň az ýetişdirilendigini aýdýar.

Ýerli çeşmeler tejribeli, öz işini gowy bilýän hünärmenleriň ýetmezçiliginiň beýleki pudaklarda hem görünýändigini belleýärler.

Aýdaly, mundan iki ýyl öň şäher içindäki suw göteriji nasoslaryň pensiýa ýaşyna ýeten operatorlaryny işden çykarmaly, ýerlerine ýaşlary almaly diýdiler, emma olaryň edýän işlerini etjek hünärli ýaşlar ýeterlik möçberde tapylmady diýip, A.Bugaýew Azatlyk radiosyna aýtdy.

Şeýel-de synçylar türkmen mekdeplerinde, ýokary okuw jaýlarynda kök uran korrupsiýanyň we 'bagtyýarlyk' ideologiýasynyň ýaşlara berilýän bilimiň derejesine ýaramaz täsir ýetirýädnini belleýärler.

XS
SM
MD
LG