Sepleriň elýeterliligi

Türkmen-türk uniwersitetiniň ozalky mugallymy 'gülençilikde' aýyplanyp tutuldy


Ozalky Türkmen-türk uniwersiteti

Türkiýäniň Balykesir şäherinde dinçi Fethullah Güleniň toparyna degişlidigi güman edilýänlere garşy gurnalan operasiýada, Aşgabatdaky Türkmen-türk uniwersitetiniň owalky mugallymlaryndan bolan Balykesir uniwersitetiniň Aýwalyk hünär öwrediş okuw jaýynyň müdiri O.Ş. bilen bilelikde 11 şübheli göz astyna alyndy.

Türk metbugatynda ýaýran maglumata görä, Aýwalyk respublikan sülçüliginiň dinçi Fethullah Güleniň toparyna garşy alyp barýan derňew işiniň çäginde, Aýwalyk etrap polisiniň terrorçylyga garşy göreş bölüminiň işgärleri geçen hepde, ýagny 8-nji iýunda Aýwalyk, Edremit we Burhaniýe etraplarynda ir bilen sagat 6-da, şol bir wagtyň özünde operasiýalar gurnady. Operasiýalarda Balykesir uniwersitetiniň hünär öwrediş okuw jaýynyň müdiri O.Ş. metjidiň ymamlary M.D. we I.Ç. dagy bilen bilelikde, jemi 11 güman edilýän göz astyna alyndy.

Göz astyna alynanlardan Balykesir uniwersitetiniň Aýwalyk hünär öwrediş okuw jaýynyň müdiri O.Ş. hakynda operasiýadan owal, gülençi bolmakda aýyplanyp sud edilýän başga adamlaryň beren maglumatlary sülçülige iberlipdir. Sülçülige berlen maglumatlarda, onuň 2002-2007-nji ýyllaryň arasynda Türkmenistanda gülençiler bilen ilteşiklidigi öňe sürülýän Türkmen-türk uniwersitetinde işländigi, Ali Çetinkaýa mähellesindäki gülençilere degişlidigi güman edilýän bir öýde Burhaniýe we Edremit hünär öwrediş okuw jaýlarynda işleýän üç mugallym bilen 2016-njy ýylyň iýun aýyna çenli "gülençiler üçin" dürli ýygnaklar geçirendigi, şol bir wagtyň özünde-de güman edilýänlerden käbiriniň gülençidigi öýdülýän "Bank Asýa" atly bankadaky hasaplarynda pul hereketleriniň bolandygy aýan edilýär.

Ýeri gelende bellesek, türk metbugatynda Türkmenistandaky gülençiler bilen ilteşikli diýip tussag edilen türk raýaty barasynda, ilkinji gezek maglumat berilýär. Mundan owalky habarlarda bolsa diňe gülençidigi güman edilýän türkmenistanly raýatlar barasynda maglumatlar berilýärdi.

10-njy aprelde hem Türkiýäniň Kütahýa şäherinde gadagan edilen "ByLock" atly gizlin aragatnaşyk ulgamyny ulanýandygy kesgitlenen S.B. atly türkmen studenti hem jemi 5 adam polisiň guramaçylykly jenaýata garşy göreş gullugynyň işgärleri tarapyndan gurnalan operasiýada göz astyna alnypdy. Kazyýet güman edilýänlerden türk raýatlary T.Z. we E.E. bilen Türkmenistanyň raýaty, Dumlupynar uniwersitetinde okaýan S.B. atly türkmen studentiň tussaghana iberilmegine karar beripdi. Geçen ýylyň dekabr aýynda bolsa, Sakarýa uniwersitetinde Türkiýäniň döwlet dolanşygyna garşy hereket eden, guramaçylykly topar hasap edilýän "Hyzmat" atly dini hereketiň baştutany Fethullah Güleniň tarapdarlaryna garşy geçirilen operasiýada, studentlere agitasiýa işlerini alyp barandygy öňe sürülýän bir türkmenistanly studentiň tussag edilendigine türk metbugatynda aýratyn üns çekilipdi.

Türkmenistanda hem gülençidigi güman edilýän işewürler bilen bir hatarda, ençeme adam tussag edilip, şol bir wagtyň özünde şeýle wakalaryň fonunda gülençilere degişlidigi öňe sürülýän Halkara türkmen-türk uniwersiteti hem ýapylypdy.

Sud edilýän türkmenistanly raýatlaryň ykballary barasynda, degişli türkmen we türk resmilerden bir kommentariýa ýa-da jikme-jik maglumat almak Azatlyk Radiosyna başartmaýar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG