Sepleriň elýeterliligi

Mugt hyzmatlary ýatyrmak tabşyrygyndan soň, ölçeýjiler talap edilýär


Býujet işgärlerinden öz öýlerinde suw ölçeýji gurallarynyň oturdylandygy barada güwänama soralýar.

Türkmenistanyň prezidentiniň suwuň, toguň, gazyň ýeňillikli, ýagny mugt berilmegini ýatyrmak baradaky teklipleri gysga wagtda taýýarlamagy tabşyrmagynyň yzy bilen, ýurduň dürli künjeklerinde ýerli häkimiýetleriň ýaşaýjylaryň öýlerine aýlanyp, geçen ýyllarda ulanylan suw, gaz, elektrik togy üçin töleg etmeklerini we ýörite ölçeýji abzallary ornaşdyrmagy talap edip başlandyklary habar berilýär.

“Türkmenistanyň Alternatiw habarlary” neşiriniň maglumatyna görä, paýtagtyň ýaşaýyş jaýlarynyň girelgelerinde, Jaý ulanyş müdirlikleriniň we “Aşgabatagyzsuw” birleşiginiň edaralarynyň öňlerinde –“Hormatly prezidentiň öňde goýan wezipelerini berjaý etmek maksady bilen” diýen düşündirişe salgylanyp – toguň, gazyň we suwuň ulanyşyny hasaba aljak ölçeýji abzallaryň oturdylmagynyň zerurdygy dogrusynda bildirişler asylypdyr.

Şol bildirişlerde nygtalyşy ýaly, ölçeýji abzallary ýaşaýjylar öz hasabyna alyp, “Aşgabatagyzsuw” edarasynyň laboratoriýasynda möhürledip, soňra-da öz jaýynda oturtmaly bolarlar.

Azatlyk Radiosynyň ozalam habar berişi ýaly, ölçeýji abzallary mejbury ýagdaýda oturtmak işleri, iň bärikisi welaýatlarda, eýýäm birnäçe aýdan bäri dowam edip gelýär. Mysal üçin, Balkanyň merkezi Balkanabat şäherinde, döwlet býujetinden aýlyk alýan işgärlerden öz öýlerinde suw ölçeýji gurallary oturtmak we onuň oturdylandygy baradaky güwänamany tabşyrmak talap edilýär.

“Türkmennebit” döwlet konserniniň birnäçe işgäriniň Azatlyk Radiosynyň ýerli çeşmelerine aýtmagyna görä, olar 105-110 manat aralygynda durýan ölçeýjileri jaýlaryna oturdanlaryndan soň, bu baradaky degişli güwänamalary we oturdylan ölçeýjiniň-de suratyny alyp, işleýän edarasynyň ýolbaşçylaryna görkezmäge mejbur edilipdirler.

Mundanam başga, Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen hepde eden çykyşyndan soň, ýaşaýjylardan şu ýylyň birinji ýarymy, kä halatlarda bolsa 2015-nji we 2016-njy ýyllar üçin-de ulanylan suw, tok we gaz üçin töleg etmekleri talap edilip başlanandygyna üns çekilýär. Bu maglumaty Azatlyk Radiosynyň öz çeşmeleri-de tassyk edýärler.

Gepiň gerdişine ýatlatsak, Türkmenistanda suwuň, toguň, gazyň belli bir möçberde mugt berilmegi 1993-njy ýylda, ilaty sosial taýdan goldamak maksady bilen 10 ýyllyk möhlete girizildi we soňra bu mugtçulygyň 2030-njy ýyla çenli saklanyljakdygy aýdyldy.

Emma häkimiýete G.Berdimuhamedowyň geçmeli bilen bu hyzmatlara çäklendirmeler girizildi. Türkmenistanyň prezidentiniň 2015-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda gol çekip, şol ýylyň 1-nji fewralyndan güýje giren 1481-nji kararyna laýyklykda, jaýda ýazga duran her bir adama bir gije-gündizde 250 litr suw mugtuna berilýär, ondan artyk ulanylan suw üçin töleg talap edilýär.

Şeýle-de, jaýda ýazga duran her bir adama her aýda 35 kilowat elektrik energiýasy mugt berilýär. Jaýa ýazga duran adamlaryň sany ikiden geçmeýän bolsa, onda olaryň her biri üçin her aýda 45 kilowat elektrik togy mugt berlip, ondan artyk ulanylan tok üçin töleg talap edilýär.

Türkmen režimi ilata berilýän bu ýeňillikleri wagtal-wagtal dile getirip, hatda muny adam hukuklaryna goýulýan hormatyň “ajaýyp nusgasy” hökmünde hem häsiýetlendiripdiler.

Emma şol bir wagtda, eýýäm birnäçe ýyldan bäri hökümet we Ýaşulular maslahatlarynyň dowamynda, bu ýeňillikleriň “netijesizligi” barada barha köp gürrüň edilip başlandy.

Bu aralykda, gürrüňi gidýän ýeňillikli hyzmatlaryň haçan doly ýatyryljakdygy, şeýle-de, munuň gazyň bahasynyň gaçmagy zerarly agyr ykdysady krizisi başdan geçirýändigi aýyldan Türkmenistanyň raýatlaryna nähili täsir ýetijekdigi dogrusynda hiç hili maglumat berilmeýär.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG