Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan Täjigistana yzygiderli howa gatnawyny ýola goýmagy planlaşdyrýar


"Türkmenhowaýollary" döwlet kompaniýasynyň "Boeing-575" kysymly uçary

Türkmenistan ýakyn wagtda Täjigistana yzygiderli howa gatnawyny ýola goýmagy planlaşdyrýar.

Media maglumatlarynda Türkmenistanyň milli awiakompaniýasynyň 12-nji iýunda Aşgabat-Duşenbe-Aşgabat synag reýsini amala aşyrjakdygy habar berlipdi.

Hususan-da, Aşgabadyň we Duşenbäniň arasyndaky bu täze halkara ugry boýunça birinji uçaryň Türkmenistanyň resmi toparynyň agzalaryny Täjigistana alyp barjakdygy aýdyldy.

“Boing -737- 800” kysymly uçarda Duşenbä barýan Türkmenistanyň “Senagatçylar we telekeçiler” bileleşiginiň ýolbaşçylaryny, agza kompaniýalarynyň başlyklaryny we syýahatçylyk şirketleriň wekillerini öz içine alýan türkmen delegasiýasynyň agzalary Duşenbä bir günlük saparynyň dowamynda, iki ýurduň arasyndaky howa gatnawyna degişli meseleler boýunça gepleşik geçirerler diýlip habar berildi. Howa gatnawy iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň esasynda amala aşyrylar.

Aşgabadyň we Duşenbäniň arasyndaky göni howa gatnawy 1993-nji ýylda ýatyrylypdy. Şondan bäri Türkmenistandan Täjigistana howa gatnawy başga ýurtlaryň üstünden amala aşyryldy.

Türkmenistan soňky aýlarda ýurtlaryň ýene birnäçesine göni uçar gatnawyny ýola goýmak meselesini maslahat etdi.

Hususan-da, 14-nji fewralda Türkmenistanyň we Ukrainanyň prezidentleriniň arasynda geçirilen telefon gepleşiginde Kiýewiň we Aşgabadyň arasynda göni uçar gatnawyny gaýtadan dikeltmek meselesi gozgaldy.

Türkmenistanyň we Ukrainanyň arasyndaky howa gatnawy 2015-nji ýylyň 16-njy awgustynda kesilipdi. Şonda Ukrainanyň Döwlet awiasiýa gullugy türkmen awiakompaniýasynyň Kiýew-Aşgabat howa liniýasyndan birtaraplaýyn tertipde peýdalanyp, ukrain uçarlarynyň Aşgabada gatnawyna rugsat bermeýändigini aýdypdy.

Döwlete degişli “Türkmenhowaýollary” milli gullugynyň eýeçiliginde 20 uçar bar, olar dünýäniň 15 çemesi ýurduna gatnaýar.

Resmi maglumata görä, 1992-nji ýylda döredilen “Türkmenhowaýollary” ýylda 2 million çemesi ýolagçy gatnadýar. Emma bu kärhana ýolagçylara edilýän hyzmatyň hili boýunça pes bahalary alýar.

2015-nji ýylda “Skytrax” neşiri iň erbet diýen bahany alan 23 awiakompaniýanyň arasynda “Türkmenhowaýollaryny” dünýäniň iň ýaramaz awiakompaniýalarynyň hatarynda agzady.

“BBC news” agentligi Britaniýanyň graždan awiasiýa resmilerine salgylanyp, 2015-2016-njy ýyllar aralygynda “Türkmenhowaýollary” uçarlarynyň gijä galmagy boýunça öňe saýlanandygyny habar berdi.

Mundan başga, “Türkmenhowaýollarynyň” ýolagçy uçary dekabrda Parižde, 213 müň amerikan dollary möçberindäki jerimesini tölemändigi üçin saklandy we bu mesele gijikdirilen tölegler tölenenden soň çözüldi.

Mundan öň, 2016-njy ýylyň sentýabrynda “Türkmenhowaýollary” howa transport hyzmatlary üçin tölemeli tölegini tölemän, Orsýetiň howa giňişligini ulanmasyz edildi we bu mesele hem berginiň üzülmegi bilen çözüldi.

Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň milli awiakompaniýasynyň uçar awiabiletlerini internet arkaly satmak meselesi döwlet derejesinde gozgaldy we Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan makullandy.

1-nji maýdan başlap Türkmenistanda uçar biletleri ortaça 20% gymmatlady.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG