Sepleriň elýeterliligi

Özbegistan TOPH proýektiniň operatory bolup biler


TOPH proýektiniň kartasy

Özbegistan TOPH proýektiniň operatory bolup biler diýip, “Özbeknebitgaz” kompaniýasynyň başlygy Alişer Sultanowyň 14-nji iýunda aýdandygy media maglumatlarynda habar berilýär.

“Türkmen tarapyndan TOPH-a goşulmak hakynda teklip edildi” diýip, Kommersant.uz Sultanowy sitirleýär.

Türkmenistandan tebigy gazy Owganystanyň üstünden Pakistana we Hindistana akdyrmak boýunça gaz geçirijini gurmak barada dört ýurduň arasynda 2015-nji ýylda gol goýlan ylalaşyga görä, umumy uzynlygy 1814 kilometrlik gazgeçiriji arkaly ýylda 33 milliard kubometr gaz akdyrylar.

“Biziň bu proýektde operator bolmagymyz gaty ähtimal. Biziň türkmen kärdeşlerimiz ertir tutuş giňişlikde işi guramalaşdyryp biljek operatory saýlamak boýunça konkurs geçirýärler” diýlip, Sultanow sitirlenýär.

Soňky aýlarda döwlet we pudakara derejesinde özara gepleşiklerini ýygjamladan Türkmenistanyň we Özbegstanyň prezidentleriniň 20-nji maýda Awazada geçiren gepleşiklerinde beýleki meseleleriň arasynda TOPH proýekti hem ara alnyp maslahat edilipdi.

XS
SM
MD
LG