Kiýewiň sudy watana dönüklikde aýyplanýan Ukrainanyň öňki prezidenti Wiktor Ýanukowiçiň işini gaýybana diňläp başlady.
Ýanukowiçiň aklawçysy Witaliý Serdýuk sudýa Wladyslaw Dewýatko ýüzlenip, Orsýetde ýerleşýän öz müşderisi bilen wideo şekilli gepleşigi gurmagy orsýet häkimiýetlerinden soramagy haýyş etdi.
Sudýa aklawçynyň haýyşyny ret edip, Ýanukowiçiň wideo arkaly gatnaşmagyna mümkinçilik bermek barada suduň ozaldan kararynyň bardygyny we munuň üçin ýörite haýyş etmegiň zerur däldigini aýtdy.
Ýanukowiç Ýewropa Bileleşigi bilen ýakynlaşmak barada ylalaşyk baglaşmazdan, Orsýet bilen gatnaşyklary ösdürmek kararyna garşy geçirilen protestleriň dowamynda, 2014-nji ýylyň fewral aýynda wezipesini terk edip, Orsýete gaçyp gidipdi.
Ýanukowiçiň hökümetiniň Ýewromaýdan protestleri basyp ýatyrmak üçin güýç ulanmagynyň netijesinde onlarça adam wepat boldy.
Ýanukowyç watana dönüklikde, Ukrainanyň garaşsyzlygyny we territorial bütewüligini bozmakda we Orsýetiň agresiýasyny öjükdirmekde aýyplanýar.
Onuň häkimiýet başyndan çekilmeginden soň Orsýet Krym ýarymadasyny Ukrainadan bölüp öz düzümine goşdy we gündogar Ukrainada separatizmi goldady. Bu regionda hökümet güýçleriniň we orsýetçi separatistleriň arasyndaky konflikt zerarly 10 müňden gowrak adam wepat boldy.
Deslapky sud diňlenişigi 5-nji maýda başlandy we iki gezek yza tesdirildi, sebäbi Ýanukowiçiň aklawçylary onuň sud diňlenişigine wideo arkaly gatnaşmagy üçin ukrain häkimiýetleriniň Orsýetiň häkimiýetlerinden resmi taýdan soramagyny talap edipdi.