Sepleriň elýeterliligi

Ekspert türkmen manadynyň hümmetiniň peselişinden alada bildirýär


Aşgabat, duralgadaky adamlar

TDH 15-nji iýunda Halkara walýuta fondunyň ekspertleriniň şu ýylyň mart aýynda, Türkmenistana eden saparlaryndan soň ýurduň ykdysady-maliýe ýagdaýlary barada çap eden gysgaça beýanatyny, näme üçindir, üç aý çemesi gijigip, diňe rus dilinde çap etdi. Synçylar milli manadyň hümmetiniň gelýän aýlardaky ýagdaýynyň ilata agyr täsir ýetijegini çaklaýarlar.

Bu beýanatda ekspertler Türkmenistanyň öz sosial-ykdysady ösüşini dowam etdirýändigini belläp, türkmen ykdysadyýeti çylşyrymly daşky şertlere, şol sanda tebigy gazyň bahasynyň durnukly arzanlamagyna hem-de söwda hyzmatdaşy bolup durýan ýurtlardaky ösüş haýallamasyna uýgunlaşmagyny dowam etdirýär diýen pikiri öňe sürýärler.

TDH-nyň bu beýanaty çap eden wagty Türkmenistanda ilata 1993-nji ýyldan bäri berilýän ýeňillikleriň ýatryljagynyň yglan edilen wagtynyň yz ýanyna gabat geldi.

Prezident Berdimuhamedow öňki prezident S.Nyýazowyň girizen ýeňilliklerini ýatyrmak kararyny halkyň durmuş derejesiniň “örän gowulaşandygy”, ikinji tarapdan, ýeňillikleriň bazar ýörelgelerine geçilmegine päsgelçilik döredýändigi bilen düşündirdi.

Emma ýerli synçylar Türkmenistanda işsizleriň we minimal durmuş sebediniň hakyky hasaby çykarylsa, kömege mätäç adamlaryň has kän bolmagynyň mümkindigini çaklaýarlar.

Şol bir wagtda, ekspertler türkmen ykdysadyýetiniň hatda HWF tarapyndan yglan edilýän ösüş sanlaryna hem ynanyp bolmaýandygny öňe sürýärler.

Halkara walýuta fondunyň mart aýynda çap eden beýanatynda aýdylmagyna görä, “Türkmenistanyň ykdysady görkezijileri 2016-njy ýylda hem ýokary bolmagynda galdy, jemi içerki önüm ösüşi 6,2 prosent derejesine galdy”.

HWF bu ösüşi Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň diwersifikasiýa edilmegi bilen düşündirmäge çalyşýar. Emma ekspertler türkmen ykdysadyýetinde diňe gaz eksportyndan gelýän girdejä daýanmak ýörelgesinden çykmak synanyşyklarynyň az görünýändigini, şol bir wagtda ozalky gymmatbaha proýekleriň, şowhun-dabaraly propagandanyň we öz-özüňi aldamagyň dowam edýýändigini aýdýarlar.

“Türkmen ykdysady maglumatlarynyň esasy kynçylygy olaryň köpüsiniň bil baglarlyk dälliginde” diýip, “The Economist intelligence unit” neşiriniň Türkmenistan boýunça eksperti Maks Lambertson Azatlyk radiosyna aýtdy. “Türkmenistandan ýaýradylan we hatda HWF tarapyndan hem gaýtalanan 6 prosent çemesi jemi içerki ösüş sanlary ynandyryjy däl, biziň öz hasaplamalarymyaza görä, ösüş 2014-nji ýyldan haýallap, geçen ýyl we şu ýyl 1 we iki prosent çemesi boldy.’

Şeýle-de Lambertson Türkmenistanyň eksportdan alýan girdejileri analiz edilende, soňky birnäçe ýylda Aşgabadyň Hytaýa gaz satmakdan alýan gidejisiniň energiýa bahalarynayň aşaklamagy bilen örän azalandygyny aýdýar. Ekspertiň tassyklamagyna görä, Aşgabat 2014-nji ýylda Hytaýa gaz eksportyndan 9 milliard dollar girdeji alan bolsa, geçen ýyl 5 milliard dollar alypdyr we bu peseliş hazirem dowam edýär.

Ikinji tarapdan, Lambertson Türkmensitanyň eýýäm 2015-nji ýylyň ýanwarynda manadyň dollaryň garşylygyndaky hümmetini peseldendigini belläp, milli pulunyň häzirki hümmetsizlenişiniň ýönekeý adamlara has agyr düşjegini ýatladýar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG