Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Günäsi geçilen tussaglar barada maglumat berilmeýär


Ozalky tussaglar hukuk goraýjy işgärleri tarapyndan häli-şindi her dürli kemsitmelere-de sezewar edilýändiklerini aýdýarlar.
Ozalky tussaglar hukuk goraýjy işgärleri tarapyndan häli-şindi her dürli kemsitmelere-de sezewar edilýändiklerini aýdýarlar.

Türkmenistanyň prezidenti Gadyr gijesi mynasybetli türkmen türmelerinde oturanlaryň günäsini geçmek baradaky Permana gol çekdi. 16-njy iýunda geçen Ministrler kabinetiniň nobatdaky mejlisinde gol goýlan dokumente görä, 1029 türkmenistanly mundan beýläk jeza çäresini çekmekden boşadylar.

Resmi medianyň berýän maglumatyna görä, Gurbanguly Berdimuhamedow goranmak ministri Ýaýlym Berdiýewe, kanun goraýjy edaralarynyň beýleki ýolbaşçylary bilen birlikde, günäsi geçilenleriň türmelerden boşadylmagy we tiz wagtyň içinde öýlerine dolanmagy bilen baglylykdaky işleri geçirmegine görkezme berlipdir.

Döwlet metbugaty bu Permanyň “rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini we bitewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen gol çekilendigini” nygtap geçdi.

Bu aralykda, günäsi geçilenleriň ýurduň Jenaýat kodeksiniň haýsy maddalary esasynda tussaglyga höküm edilendigi we jeza möhletleriniň näçe bölegini türmede geçirendigi, şeýle-de olaryň haýsy ýaşlardaky raýatlardygy barada hiç hili maglumat berilmeýär.

Mundanam başga, bu günä geçişligiň halkara hukuk toparlary tarapyndan syýasy tussaglar, wyždan bendileri diýlip hasaplanýan raýatlary, şol sanda Azatlyk Radiosynyň 2015-nji ýyldan bäri türkmen türmesinde saklanylýan habarçysy Saparmämmet Nepesgulyýewi öz içine alyp-almaýandygy nämälim bolmagyna galýar.

Ýeri gelende ýatlatsak, adam hukuklaryny goraýjy toparlar türkmen türmelerinde dereksiz ýiten onlarça adamyň ykbalyna halkara jemgyýetçiligiň ünsüni çekip gelýär.

Geçen anna güni G.Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakyndaky” Permana gol çekmek bilen birlikde, ol, “eden jenaýatyna ak ýürekden toba eden adamlaryň yhlasly zähmet çekip, günälerini ýuwmaklary we ýurtda alnyp barylýan gerimli işlere goşant goşmaklary üçin, işe ýerleşdirilmegini” tabşyrdy.

Munuň bilen baglylykda welaýat, etrap, şäher häkimliklerine, şeýle-de beýleki degişli ýolbaşçylara gerekli çäreleri gurnamak boýunça ýörite görkezme berildi.

Emma bular ýaly “görkezmeleriň” her günä geçişlikde aýdylýadygyna garamazdan, türkmen türmelerinde oturyp çykanlar özleriniň soňy bilen işe ýerleşmek meselesinde uly kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýandyklaryny, hukuk goraýjy işgärleri tarapyndan häli-şindi her dürli kemsitmelere-de sezewar edilýändiklerini aýdýarlar.

Türkmen hökümetiniň yglan eden günä geçişliginde, azatlyga çykan ozalky tussaglar her aý polisiýa baryp hasaba durmalydyklaryny, şeýle-de ýaşaýan sebitlerinde nähilidir bir jenaýat bolsa, polisiýa soraga çagyrylýandyklaryny Azatlyk Radiosynyň ýerli çeşmelerine gürrüň berdiler.

Türkmen mediasy ozalky tussaglaryň işe ýerleşdirilişi, olaryň näçesiniň soň işsizlik zerarly gaýatdan jenaýata baş goşuşy we beýlekiler hakynda hiç hili maglumat bermeýär.

Gepiň gerdişine görä ýatlatsak, bu şu ýylyň hasabatyna yglan edilen ikinji günä geçişlik bolup, mundan öň fewralda Baýdak baýramyna gabatlanyp, 828 adam türmeden azat edilipdi.

Galyberse-de, Türkmenistan sebitde ilatynyň jan başyna iň kän tussagly ýurt hasaplanylýar. ABŞ-nyň "Türme syýasaty inisiatiwasy" toparynyň maglumatlaryna görä, Türkmenistan ilatynyň jan başyna düşýän tussaglarynyň sany boýunça, Birleşen Ştatlardan soň, dünýäniň 170 ýurdunyň arasynda ikinji ýerde durýar.

XS
SM
MD
LG