Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Siz bir işsiz, çöreksiz-duzsuz, ejiz we güçsüz ynsanlara eliňizi uzadyň'


Tigirli prezident G.Berdimuhamedowyň suratyny alyp barýar, Türkmenistan
Tigirli prezident G.Berdimuhamedowyň suratyny alyp barýar, Türkmenistan

Iýun aýynyň 15-ne Orslaryň prezidenti W.W.Putin göni ýaýlymda öz halkynyň soraglaryna jogap berdi. Sms, mms, telefon we intirnet arkaly ors halky hemme kemçiliklerini öz Prezidentlerine ýetirdi. Men kemçilikleri sanap durjak däl. Özüňiz telewizorda görensiňiz.

Ors döwleti dünýäde iň uly döwletdigini hemmeler bilýändirler we şonda-da W.W.Putin halkyna jany bilen kömek edýär. Bu diýmek orslaryň prezidenti öz halkyny jany bilen sylaýar we hormatlaýar hem-de özüni beýik däl-de, halky bilen deň tutýar. Aslynda her ýyl maýyň soňunda ýa-da iýunyň başlarynda bular ýaly halky bilen sorag-jogap geçirýär.

Emma Türkmenistanyň döwletinde G.Berdimuhamedow ýaly prezident otursa: para, içgi, ölüm we ş.m. her gün bolup geçýär. Birinji şu wagt para. Puluň bolmasa ne iýip-içip bilersiň, hat-da şu wagtky ýaly ne-de iş tapyp bilersiň.

G.Berdimuhamedow meniň adym Begmyrat, özüm Aşgabatly. Meniň hiç hili pulum we gowy wezipede oturan tanyşlarym ýok. 2017-nji ýylda Türkmenistan Prezident saýlawlarynda G.Berdimuhamedowa 80% prezident bolmagyna garşy boldular. Şolaryň içinde Menem bar. Türkmen kanallarynda halky aldap, özüne 97% göterim ses berdi. Eger G.Berdimuhamedowyň özi ýalançy bolsa, ondan aşaky başlyklar halallygyň nämedigini nirden bilsinler. G.Berdimuhamedow senden öwrenýärler.

Men 3 ýyl 8 aý işsiz oturyn. Onuň sebäbi welaýatdan gelenler Aşgabatda ornaşdylar. Iň esasam G.Berdimuhamedow meniň elimde diplomym bar. Utanýan, elimdäki diplomymyň hiç hili peýdasy ýok. Aşgabada welaýatdan gelen prokurorlar, komitetler, milisýeler we ş.m. ofisser işgärler öz welaýatdaky garyndaşlaryny, tanyşlaryny we tanyşlarynyň garyndaşlaryny getirýärler. Elbet-de şeýle getirenoklar, para alyp getirýärler. Eger köpräk berseň, olary işe-de ýerleşdirýärler.

Türkmen döwletine utanç, G.Berdimuhamedow ýaly prezidentimiz barlygyna. Aslynda men oňa sesem bermedim, edil 80%-miň içine giren oňa garşy bolan türkmen halky ýaly. G.Berdimuhamedow öz wezipäňi hiç hili oňarmaýarsyňyz. Şoňa-da utanmaýarsyňyz. W.W.Putin özüni halk bilen deň tutýar. Gerek bolsa kemçiligini özi baryp düzedýär. Siz bolsa halky gorkuzyp, halky aldap, halkyň arkasyndan kanundan çykyp uly gödek işler edýärsiňiz.

Halkdan gorkmasaňyzam, Hudaýdan gorkuň. Hudaý görüp durandyr.

Men kiçi adam bolup, edil köpüňiz ýaly işsiz, şoňa görä-de türkmen halkyna ýüzlenýärin: “Geliň IMPIÇMENT sözi diňe dilimizde bolmasy. Şol sözi hakyka-da öwreliň.”

Türkmenistanyň Kabinet Ministrliginiň Hormatly işgärlerine we ondan aşaky kiçi wezipeli başlyklaryna özüňiz hemme bolup geçýän wakalary görüp dursuňyz. Türkmen halky her gezek Size hat bilen ýüz tutýarlar. Sizbir işsiz, çöreksiz – duzsuz, ejiz we güçsüz ynsanlara eliňizi uzadyň. Bizem siz ýaly adam. HAÝYŞ. Sizem bizi goldaň. IMPIÇMENTI hakykata öwreliň!

Redaksiýadan: Okyjynyň haty bolşy ýaly çap edilýär. Onda aýdylanlar Azatlyk Radiosynyň resmi pozisiýasyny şöhlelendirmeýär.

XS
SM
MD
LG