Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Owganystanyň Bagram howa bazasynyň golaýynda 8 howpsuzlyk wekili wepat boldy


Bagram howa bazasy, Owganystan

Owgan resmisi ýurduň Parwan welaýatynda bolan ok atyşykda sekiz howpsuzlyk wekiliniň hüjümçiler tarapyndan atylyp öldürilendigini aýtdylar.

Bagram etrabynyň häkimi Şokoor Kudosiniň aýtmagyna görä, iki adam ýaralanypdyr.

Bagram howa bazasynyň sakçylary 19-njy iýunda olaryň awtoulagyna näbelli adamlaryň eden hüjüminiň netijesinde wepat bolupdyr.

Habar berlişine görä, 10 howpsuzlyk wekili ulagly barýarka howa bazadan bir kilometr uzaklykda Şah Kan obasynyň golaýynda ýolda hüjüme duçar bolupdyr.

Hüjümiň jogapkärçiligini hiç kim öz üstüne almady.

ABŞ-nyň Owganystandaky iň uly howa bazasy Bagram hüjümlere ýygy-ýygydan sezewar bolýar.

Noýabr aýynda janyndan geçen hüjümçiniň bazanyň içinde amala aşyran partlamasynyň netijesinde ABŞ-nyň iki harbysy we iki sany işgäri wepat boldy we 16 adam ýaralandy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG