Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ölçeýji oturdylmasa, dynç almaga ‘goýberilmeýär’


Ölçeýjileri ýaşaýjylar öz hasaplaryna almaly. Illýustrasiýa surat.

Daşogzuň käbir döwlet edaralarynyň işgärlerini öz öýlerinde suw ölçeýji abzallary ornaşdyrandygy barada, Jaý üpjünçilik edarasyndan ýörite güwänama hödürlemese, kanuny dynç alyşa goýbermeýärler diýip, “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri maglumat berýär.

Neşir şeýle görkezmäniň şäher häkimligi tarapyndan regionyň ähli býujet edaralaryna berlendigine hem ünsi çekýär.

Ýeri gelende bellesek, bu özgertmeler mundan iki hepde ozal prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň suwuň, toguň, gazyň ýeňillikli, ýagny mugt berilmegini ýatyrmak baradaky teklipleri gysga wagtda taýýarlamagy tabşyrmagynyň yz ýanyna gabat geldi.

Mundanam başga, prezidentiň şol çykyşyndan soň, Aşgabadyň ýaşaýyş jaýlarynyň girelgelerinde, Jaý ulanyş müdirlikleriniň we “Aşgabatagyzsuw” birleşiginiň edaralarynyň öňlerinde – “Hormatly prezidentiň öňde goýan wezipelerini berjaý etmek maksady bilen” diýen düşündirişe salgylanyp – toguň, gazyň we suwuň ulanyşyny hasaba aljak ölçeýji abzallaryň oturdylmagynyň zerurdygy dogrusynda bildirişler hem asylypdy.

Şol bildirişlerde ölçeýji abzallary ýaşaýjylaryň öz hasabyna alyp, “Aşgabatagyzsuw” edarasynyň laboratoriýasynda möhürledip, soňra-da öz jaýynda oturtmalydyklary bellenilip geçilýärdi.

“Türkmenistanyň Hronikasy” talap edilýän suw ölçeýji abzallary ozal 100 manada duran bolsa, häzir olaryň 120 manada çenli galandygyny nygtaýar.

Azatlyk Radiosynyň ozalam habar berşi ýaly, ölçeýji abzallary mejbury ýagdaýda oturtmak işleri eýýäm ençeme aýdan bäri dowam edip gelýär. Balkanyň Balkanabat şäherinde, döwlet býujetinden aýlyk alýan işgärlerden degişli ölçeýjileri oturdandygy barada, güwänamany tabşyrmak görkezmeleri mundan iki aý töweregi öň talap edilip başlanypdy.

Ýeri gelende bellesek, prezident G. Berdimuhamedow aprel aýynyň aýagynda gaz ölçeýjilerini oturtmak barada hem ýörite görkezme beripdi. Suw ölçeýjilerinde hem bolşy ýaly, bu abzallaryň satyn alynmagy we oturdylmagy ýaşaýjylaryň öz gerdenine düşýär.

Türkmenistanda suwuň, toguň, gazyň belli bir möçberde mugt berilmegi 1993-njy ýylda, ilaty sosial taýdan goldamak maksady bilen 10 ýyllyk möhlete girizildi we soňra munuň 2030-njy ýyla çenli saklanyljakdygy aýdyldy.

Emma häkimiýete G.Berdimuhamedowyň geçmegi bilen bu hyzmatlara çäklendirmeler girizilip başlandy. Türkmenistanyň prezidentiniň 2015-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda gol çekip, şol ýylyň 1-nji fewralyndan güýje giren 1481-nji kararyna laýyklykda, jaýda ýazga duran her adama bir gije-gündizde 250 litr suw mugtuna berilýär, ondan artyk ulanylan suw üçin töleg talap edilýär.

Şeýle-de, jaýda ýazga duran her adama bir aýda 35 kilowat elektrik energiýasy mugt berilýär. Jaýa ýazga duran adamlaryň sany ikiden geçmeýän bolsa, onda olaryň her biri üçin, her aýda 45 kilowat elektrik togy mugt berlip, ondan artyk ulanylan tok üçin töleg talap edilýär.

Türkmen režimi bu ýeňillikleri dowamly alkyşlap, hatda prezidentiň özi-de bulary adam hukuklaryna goýulýan hormatyň “ajaýyp nusgasy” hökmünde häsiýetlendiripdi.

Ýöne, eýýäm birnäçe ýyldan bäri hökümet we Ýaşulular maslahatlarynyň dowamynda, bu ýeňillikleriň “netijesizligi” barada barha köp gürrüň edilip başlandy.

Bu aralykda, türkmen mediasynda gürrüňi gidýän ýeňillikli hyzmatlaryň haçan doly ýatyryljakdygy, şeýle-de, munuň gazyň bahasynyň gaçmagy zerarly agyr ykdysady krizisi başdan geçirýändigi aýdylýan Türkmenistanyň raýatlaryna nähili täsir ýetijekdigi dogrusynda hiç hili maglumat berilmeýär.

Teswirleri gör (2)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG