Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen telekeçileri ugradyjy kompaniýany hasaba aldyrmaly bolarlar


Telekeçiler bu täze düzgüniň netijesinde kiçi we orta biznese agyr zarbanyň uruljakdygyny aýdýarlar.
Telekeçiler bu täze düzgüniň netijesinde kiçi we orta biznese agyr zarbanyň uruljakdygyny aýdýarlar.

Türkmenistanda daşary ýurtdan haryt getirýän kärhanalar we telekeçiler mundan beýläk ugradyjy kompaniýany ýurduň Döwlet haryt-çig mal biržasynda hasaba aldyrmaly bolarlar. “Türkmenistanyň Alternatiw habarlary” neşiri 9-njy iýundan güýje giren bu täze düzgüniň telekeçileriň arasynda howsala döredendigine-de ünsi çekýär.

Mundan beýläk, Türkmenistana haryt ugradýan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) girýän döwletleriň firmalaryny hasaba aldyrmak üçin, şu aşakdaky dokumentleri taýýarlamaly bolar:

  • Firmanyň ustawy;
  • Direktory saýlamak baradaky esaslandyryjylaryň (aksionerleriň) ýygnagynyň protokoly;
  • Döwlet reýestriniň göçürmesi;
  • Işleýşi amala aşyrmak baradaky lisenziýa;
  • Registrasiýa baradaky güwänama;
  • Salgyt hasabyna alnandygy baradaky güwänama;
  • Firmanyň direktorynyň pasportynyň nusgasy;
  • Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň ýolbaşçysynyň adyna ýazylan ýüzlenme-hat;
  • Jogaplanan soragnama.

GDA-nyň düzümine girmeýän döwletleriň firmalary ýokarky dokumentler bilen birlikde kärhananyň başlangyç kapitaly baradaky düzgünnamanyň şärikleri baradaky aksioner sertifikatlary hem hödürlemeli bolarlar.

Mundanam başga, GDA-nyň daşyndaky ýurtlaryň kompaniýalary talap edilýän dokumentleri rusça ýa türkmençä terjime etdirip, öz ýurdunyň Daşary işler ministrliginde möhürledip, iň soňunda hem olary Türkmenistanyň ilçihanasynda resmileşdirmeli bolarlar.

Şeýle-de, daşary ýurt firmalary Türkmenistanyň biržasynda olaryň adyndan hasaba alyş çäresini geçirjek adamy ynanç haty bilen hem üpjün etmeli bolarlar.

Şol bir wagtda, “Türkmenistanyň Alternatiw habarlary” neşiri bu täze düzgüniň köp telekeçiler üçin garaşylmadyk ýagdaý bolandygyny, olaryň soňky üýtgeşmeler bilen diňe öz harytlarynyň gümrükden geçirilmän saklananda, bilip galandyklaryny nygtaýar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan wezipeli işgärleriniň biri-de, harytlar täze düzgün güýje girmezden ozal ugradylan bolsa-da, – islendik ýagdaýda – ýüki gümrükden geçirmek üçin, iberiji kärhananyň hasaba aldyrmalydygyny aýtdy.

“Indi biz ugradyjy firmany, onuň bilen baglaşan şertnamamyzy biržada hasaba aldyrmaly. Soňundan bankda ýük üçin pasport işini oňartmaly. Eger-de azyk getirilýän bolsa, onda Saglyk ministrliginden; beýleki harytlar bolsa, Döwletstandartlaryndan ýörite sertifikat almaly. Diňe şondan soň, bize gümrükden harytlarymyzy almaga rugsat berler” diýip, türkmen telekeçleriniň biri “Türkmenistanyň Alternatiw habarlary” neşirine gürrüň beripdir.

Telekeçi özleriniň häzire çenli işleşip gelen daşary ýurtly firmalarynyň bu täze düzgüni berjaý etmäge meýilli däldiklerini aýdyp, munuň netijesinde ýurtdaky kiçi we orta biznese agyr zarbanyň uruljakdygyny-da öňe sürýär. Bu aralykda, türkmen resmileri ne bu täze talaplar, ne-de olaryň maksatlary barada ilat köpçüligine maglumat berýärler.

Sözümiziň ahyrynda nygtap geçsek, bu türkmen häkimiýetleriniň ýurtdaky telekeçilige girizen çäklendirmeleriniň iň soňkusydyr. Mundan ozal, ýurtda dollaryň resmi söwdasynyň togtadylmagy bilen, bankdan konwertasiýa edip bolýan, öz hasabyňdan alyp bolýan daşary ýurt walýutasyna-da çäklendirmeler girizilipdi.

XS
SM
MD
LG