Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Kwitansiýada görkezilenden has köp pul tölemeli bolýarys”


Illýustrasiýa

Türkmenistanyň Awtoulag serişdelerini abatlamak, olara hyzmat etmek we olary ýerlemek boýunça önümçilik birleşiginiň Aşgabat şäherindäki ussahanasynda müşderilerden alynýan töleglerde düşünişmezlikleriň bolýandygyny käbir paýtagtlylar habar berýärler.

Azatlyk Radiosy bilen habarlaşan birnäçe aşgabatlynyň aýtmagyna görä, raýatlaryň awtoulagyna haýsydyr bir sürüji ýa raýat tarapyndan zeper ýetip, günäkär tarap ulaga ýetirlen zyýanyň öwezini dolmaly bolanda, degişli döwlet edaralary ýetirilen zyýanyň möçberini kesgitlemek üçin, zyýan çeken tarapy agzalýan birleşigiň ussahanasyna ugradýarlar we olardan bu ýerden ýörite kalkulýasiýa, ýagny hasaplaşyk resminamasyny getirmegi talap edýärler.

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligine degişli birleşigiň Aşgabadyň Bedew massiwinde ýerleşýän bu edarasyna ýörite ýollanma esasynda ugradylan 58 ýaşyndaky Pirli aga hasaplaşyk resminamasyny almak üçin, bir hepdeläp günde gatnamaly bolandygyny we özüniň kwitansiýa kagyzynda görkezilen puluň tas iki essesini tölemeli edilendigini aýdýar.

“Maňa bir hepdäniň soňunda hasaplaşyk resminamasyny taýýarlap berenlerinde, 250 manat töletdiler. Ýöne tölän pulum üçin kwitansiýa berenlerinde, onda diňe 150 manat töländigimi belläpdiler. Menem olara ‘men size 250 manat töledim ahyryn, siz näme üçin maňa 150 manat töledi diýip kwitansiýa berýärsiňiz?’ diýenimde, olar maňa ‘100 manady biz öz zähmet hakymyz üçin alyp galdyk’ diýip jogap berdiler” diýip, Pirli aga belleýär.

Ol bu resminiň beren jogaby bilen kanagatlanman, edaranyň ýokary derejeli resmileriniň birine ýüzlenendigini we munuň sebäplerini düşündirmegi sorandygyny sözüniň üstüne goşdy.

Aşgabadyň Bedew massiwinde ýerleşýän edaranyň jogapkär resmisi oňa öz edaralarynyň diňe belli bir derejede döwletden serişde alýandygyny aýdyp, edaranyň galan maliýe üpjünçiliginiň öz hyzmatlaryndan gelýän girdeji esasynda öz-özüni dolandyrmak arkaly amala aşýandygyny aýdýar.

Şeýle-de, ol kwitansiýada görkezilen soňky mukdaryň artykmaç çykmagynyň sebäplerini, işgärleriň ulag şaýlarynyň nyrhyny kesgitlemek üçin, käbir barlaglary geçirmeli bolýandygy we munuň üçin uzak aralyklara öz hasabyna gitmeli bolýandygy bilen düşündirýär.

Azatlyk Radiosyna bu işgäriň aýdanlarynyň näderejede hakykata gabat gelýändigini beýleki garaşsyz çeşmelere anyklatmak başartmady. Şeýle-de, bu barada Azatlyk Radiosyna Türkmenistanyň Awtoulag serişdelerini abatlamak, olara hyzmat etmek we olary ýerlemek boýunça önümçilik birleşiginden haýsydyr bir kommentariý almak hem başartmady.

Emma Pirli aganyň başdan geçirenleri ýaly wakalaryň her gün diýen ýaly gaýtalanyp duran adaty zada öwrülendigini, bu edara jaýyna ýörite döwlet ýollanmasy esasynda ugradylan başga-da onlarça ýaşaýjy aýdýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG