Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Ak tam Hindistana satyljak dronlary Pakistana wehim hasaplamaýar


ABŞ-nyň MQ-9 drony

Tramp adminstrasiýasy özüniň Hindistana ýokary tehniki derejeli gözegçilik dronlaryny satmak planynyň Pakistana howp salýandygyna ynanmaýar diýip, Ak tamyň uly derejeli resmisi 24-nji iýunda aýtdy.

Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modiniň 26-njy iýunda ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen boljak ilkinji duşuşygyndan öň, Ak tamda žurnalistleriň öňünde çykyp gürlän resmi ýarag söwdasynyň Yslamabat bilen Nýu-Deliniň arasyndaky dartgynly gatnaşyklary, hususan-da Kaşmir sebtinde wagtal-wagtal ýüze çykýanzorlukly ýagdaýlary nazara almak esasynda amala aşyrylýandygyny belledi.

"Biz Hindistan bilen Pakistanyň arasyndaky dartgynlyklary ýitileşdirjek ýagdaýlardan gaça durmak isleýäris” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran resmi aýtdy. Hindistan we Pakistan göni gepleşiklere girmeli we gatnaşyklary kadalaşdyrmagyň çärelerini gözlemeli diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

"Biziň gürrüňini edýän goranyşýarag sistemalarymyz Pakistana täsir eder öýtmeýäris” diýip, ol aýtdy. Hökümet Hindistana bahasy 2 milliard dollara durýan 22 sany ýaragsyz drony satmak planyny bireýýäm tassyk etdi. Hindistanyň harby-deňiz güýçleri ol dronlar arkaly Hindi okeanyna, hytaý gämileriniň barha köpelýän ýerine gözegçilik etmek isleýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG