Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

'Özbeknebitgaz' Hazardaky ýataklary özleşdirmekde Türkmenistan, Azerbaýjan bilen işleşmekçi


Azerbaýjanyň Hazar deňzindäki nebit ýatagy, Bakuwyň golaýynda

Özbegistanyň “Öbeknebitgaz” kompaniýasynyň azerbaýjanly we türkmenistanly kärdeşleri bilen bilelikde Hazar deňziniň suwasty giňişliklerinde bilelikdäki proýektleriň birnäçesini amala aşyrmagy planlaşdyrýandygy habar berilýär.

Trend agentliginiň “Özbeknebitgaz” kompaniýasynyň wekiline salgylanyp habar bermegine görä, kompaniýanyň “Türkmennebit” döwlet konserni bilen gol çekilen memorandumy “Türkmenistanyň Hazardaky giňişliklerinde bilelikde agtaryş işlerini geçirmek we ýataklary özleşdirmek boýunça özara bähbitli we uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy göz öňünde tutýar”. Şeýle-de, maglumata görä, taraplaryň geljekde önümi paýlaşmak we uglewodorod serişdelerini öndürmek boýunça ylalaşyk baglaşmakçy.

“Özbeknebitgaz” kompaniýasynyň başlygy Alişer Sultanow Azerbaýjanyň SOCAR döwlet kompaniýasy bilen gol çekilen ylalaşygyň kompaniýany işlenýän ýataga partnýor hökmünde kabul etmegi göz öňünde tutýandygyny aýtdy, diýip Trend neşri belleýär.

“Özbeknebitgaz” kompaniýasynyň 1992-nji ýylda döredileli bäri ýurduň daşynda proýektleri amala aşyrmandygy maglumatda bellenýär.

Özbegistanyň nebit-gaz pudagyny dolandyrýan “Özbeknebitgaz” kompaniýasynyň ýylda 60-70 milliard kubometr gazy öndürmek mümkinçiliginiň bardygy aýdylýar. BP kompaniýasynyň sanlaryna görä, geçen ýylda ýurduň gaz eksporty 11.4 milliard kubometre barabar bolupdyr.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG