Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Berdimuhamedow maliýe goldawçylaryny 'ýitirýäne meňzeýär'


Berdimuhamedow ýolbaşçylaryň gutlaglaryny kabul edýär.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň doglan güni bu ýyl, alty onlugy doldurandygyna garamazdan, öňki ýyllardan tapawutlylykda, uly dabara tutulmazdan bellendi.

Berdimuhamedowyň doglan güni, ozalky prezident Saparmyrat Nyýazowyňkydan tapawutlylykda, 2013-nji ýyldan başlap giňden bellenýärdi we Medeniýet hepdeliginiň soňundaky jemleýji konserte uly harajat talap edýän daşary ýurt aýdymçylaryny çagyrmak däbe öwrülipdi.

Türkmen telewideniýesi prezidentiň 60 ýaş toýy mynasybetli ýolbaşçylaryň gutlaglaryny kabul edişini, elleri birmeňzeş gül çemenli resmileriň haýdap baryp, ýubilýar bilen dyza çöküp diýen ýaly elleşişlerini görkezdi.

Şeýle-de prezidentiň sebitdäki döwletleriň Aşgabada gelen döwlet işgärlerini kabul edendigi, daşary ýurtly kärdeşleriniň käbiri bilen telefonda gürleşendigi,Gagauziýanyň “Gagauz Ýеri” ordeni bilen sylaglanandygy habar berildi.

Adynyň aýdylmazlygyny soran aşgabatly ýaşaýjy özüniň “Berdimuhamedow ýene bir gezek Türkmenistanyň Gahrymany bolar” diýen çaklamasynyň ýalňyş çykandygyny, şol bir wagtda onuň Orsýet tarapyndan berlen orden bilen çäklenmegine geň galandygyny aýtdy.

Berdimuhamedow doglan gününde Ministrler kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirip, egindeşlerine “Arkadagyň ajap eýýamy” atly täze kitaby sowgat berdi. Ýöne bu kitaby kimiň ýazandygy ýa onuň žanry barada hiç zat aýdylmady.

Berdimuhamedowyň doglan güni prezidentliginiň ilki döwürlerinde diňe bir gün bellenilýärdi. Ýöne bu dabara soň Medeniýet se sungat işgärleriniň 27-nji iýunda bellenýän güni sebäpli guralýan Medeniýet hepdeligi bilen utgaşdyrylyp, tutuş ýurt boýunça geçirilýänçärä aýlandy.

Prezidentiň doglan gününiň gerimi 2013-nji ýyldaky Medeniýet hepdeliginiň öňünden geçirilen hökümet maslahatynda Berdimuhamedowyň öz beren tabşyryklary esasynda giňeldildi. Şonda ol öz çykyşyny dolulygyna diýen ýaly Medeniýet hepdeligine bagyşlap, onuň diňe “Awazada” däl, ýurduň dürli şäherlerinde geçiriljegini aýtdy.

Netijede, bu hepdelik Türkmenbaşyda, Maryda, Lebapda, Daşoguzda we indem Aşgabatda geçdi. Bu çäre, prezidentiň doglan gününden bir hepde öň başlanyp, tutuş ýedi günläp onuň alyp barýan syýasatyny şöhratlandyrmaga mümkinçilik berýärdi we türkmen hökümetiniň ýakyndan işleşýän daşary ýurt kampaniýalarynyň howandarlygynda, daşary ýurt aýdymçylarynyň ýurt lideriniň ýaş toýuna çagyrylmagyna şert döredýärdi.

Mysal üçin, amerikan estrada ýyldyzy Jenifer Lopez prezidentiň ýaş toýunda aýdym aýtmaga hytaý kompaniýasy tarapyndan çagyrylypdy.

Türkmen prezidentiniň 60 ýaş toýy ýurduň nebit-gaz nyrhlarynyň arzanlamagy we Aziýa oýunlarynyň gurluşygyna edilen uly çykdajylar bilen baglylykda maliýe-ykdysady kynçylyklaryny başdan geçirýän wagtyna gabat geldi.

Ýerli synçylar prezidentiň ýaş toýunyň bu gezek ozalkylardan has “salyhatly” bellenmeginişu ýagdaý bilen baglanyşdyrýarlar. Adyny aýtmazlygy soran aşgabatly synçynyň pikirine görä, Berdimuhamedow soňky döwürde özüniň ozalky maliýe goldawçylaryny ýitirýäne çalym edýär. Ol bu sözüni prezidentiň 60 ýaş toýunda Ahmet Çalyk, Erol Tabançy, Makarow ýaly iri biznesmenleriň, hytaý, fransuz kompaniýalarynyň wekilleriniň görünmezligi bilen delillendirmäge çalyşdy.

Olar Türkmenistandan görjek peýdalaryny görüp, indi prezidentiň doglan gününde etjek çykdajylarynyň öwezini dolmaga zat tapman, beýle hyzmatdan ýüz öwren bolsalar gerek” diýip, ýaşy ýetmişe golaýlan ýerli synçy Azatlyk radiosyna aýtdy.

Şol bir wagtda TDH prezidentiň öz doglan gününde Arçabil etrabynda bina edilen “Gala” medeni-dynç alyş merkezini açandygyny we şol ýerde daşary ýurt kompaniýalarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylary tarapyndan gutlanandygyny habar berýär.

Mundanam başga, “Gala” medeni-dynç alyş merkezinde ýurduň sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti guralyp, Berdimuhamedowyň sözlerine döredilen we prezident hakyndaky aýdymlar aýdyldy.

Teswirleri gör (5)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG