Sepleriň elýeterliligi

Hamburg: Uly-20 guramasynyň sammitiniň öňüsyrasynda howpsuzlyk artdyrylýar


Germaniýanyň kansleri Angela Merkel (ortada)

Germaniýanyň içeri işler ministri Tomas de Maizereniň 4-nji iýulda aýtmagyna görä, Germaniýanyň howpsuzlyk güýçleri hepdäniň aýagynda dünýäniň ykdysady taýdan iň kuwwatly Uly-20 guramasynyň sammitini geçirýän Hamburg şäherinde 8000 çemesi protestçiniň üýşjegini çak edýär.

Germaniýanyň kansleri Angela Merkel sammite ýolbaşçylyk eder.

Maizere 7-8-nji iýulda sammitiň geçiriljek wagtynda şäherde howpsuzlygy üpjün etmek üçin 20 müň çemesi polisiýa ofiseriniň jemlenjegini habar berdi.

Ol polisiýanyň kapitalizme garşy çykyş edýän protestçilere gözegçilik etmäge we başbozarlyga garşy çäre görmäge taýýarlanýandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG