Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran bahalaryň peselmegi Türkmenistan bilen gatnaşyklara täsir ýetirdi diýýär


Eýranyň prezidenti Hassan Rohani we Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow
Eýranyň prezidenti Hassan Rohani we Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Eýranyň Türkmenistan boýunça söwda attaşesi iki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň pese gaçmagynyň esasy sebäbiniň dünýäde energiýa bahalarynyň aşaklamagy bilen baglanyşyklydygyny aýdyp, Tähranyň öz demirgazyk goňşusyndaky energiýa bazarynyň ýagdaýyna syn etmelidigini belledi.

“IRNA” habar agentliginiň maglumatyna görä, Rahmatulla Hormali bu barada 2-nji iýulda Eýranyň Gülüstan welaýatynyň biznesmenleri bilen duşuşanda belläp geçip, “türkmen hökümeti uzak möhletleýin senagat programmasyna başlady we täze energiýa bazarlaryny gözleýär” diýdi.

“Biz Türkmenistanyň energiýa syýasatyny üýtgedýändigine we energiýa resurslary bazarynyň öňküsi ýaly däldigine düşünmelidiris. Şol sebäpli biz bu ýurtda özgerýän ýagdaýa syn etmelidiris” diýip, Eýranyň media serişdesi Hormaliniň sözüni sitirledi.

Ýatladyp geçsek, geçen ýylyň aýagynda Aşgabadyň we Tähranyň arasynda gaz söwdasyna degişli dörän dawa bilen baglylykda, şu ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, Türkmenistan Eýrana tebigy gaz akdyrmagyny “birden” bes edipdi. Şonda Aşgabat Tähranyň türkmen gazy üçin 2 milliard amerikan dollary möçberinde bergisiniň bardygyny aýdypdy.

Eýranyň Milli gaz kompaniýasy bolsa, akdyrylýan tebigy gazyny keseni üçin, Türkmenistan Tährana jerime tölemeli bolar diýip çykyş etdi. Aşgabat hem öz gezeginde, Eýrana akdyrylýan türkmen gazynyň çäklendirilmek ähtimallygy barada, Tährana öňünden duýdurylandygyny aýdypdy.

“Gynansak-da, 2013-nji ýyldan bäri Eýranyň Milli gaz kompaniýasy Eýran yslam respublikasyna öň akdyrylan türkmen gazy üçin, bergisini tölemekde zerur bolan tagallalary etmedi” diýlip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň beýanatynda mälim edildi.

Eýranyň Milli gaz kompaniýasy bolsa, 2007-2008-nji ýyllaryň gyşynda Türkmenistan ýurtdaky gaz ýetmezçiliginden peýdalanyp, ylalaşykda kesgitlenen bahany dokuz esse gymmatlatdy diýdi. Munuň netijesinde, öň 1000 m3 tebigy gaz üçin 40$ möçberinde töleg alnan bolsa, onuň möçberi 360$ çykarylypdyr.

Bu dawanyň fonunda Eýranyň ýokary derejeli resmileri türkmen gazyna zerurlygyň ýokdugyny aýdyp, telim tapgyr çykyş edipdiler. Galyberse-de, eýran resmileri bu iş bilen baglylykda, “Türkmengaz” kompaniýasy babatynda kanun taýdan çäre görmäge başlajakdygyny duýdurypdy.

9-njy maýda Eýranyň “Tasnim” habar agentligi Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Hamidreza Arakä salgylanyp, Tähranyň Aşgabady Halkara arbitraž suduna bermek üçin, zerur bolan ähli dokumentleri taýýarlandygyny habar berdi.

Araki Türkmenistana “gazyň bahasy, gyş möwsümi gazy akdyrmagyny bes edip ýetiren zyýany we akdyrýan gazynyň hili boýunça” nägilelik bildirilýändigini aýdypdy.

26-njy maýda bolsa, Araki Türkmenistan tebigy gazynyň bahasyny arzanlatsa, onda Eýran türkmen gazyny satyn almagy dowam etdirer diýdi. “Eger Aşgabat Tähranyň şertlerini kabul etmese, onda yslam respublikasy Türkmenistany Halkara arbitraž suduna berer we bu babatda ähli taýýarlyklar görüldi” diýip belledi.

Bu aralykda, Türkmenistanyň hökümeti ýurduň tebigy gaz baýlygynyň 27 trillion kubmetre barabardygyny mälim edip, ony 2030-njy ýyla çenli gaz önümçiliginiň 230 milliard kubmetre ýetirmegi planlaşdyrýandygyny yglan etdi.

Türkmenistan öz tebigy gazyny üç ugur boýunça Hytaýa, Russiýa we Eýrana satýardy. 2016-njy ýylyň başynda dörän gaz dawasy sebäpli, Moskwa türkmen gazyny satyn almagy bes edensoň, Aşgabadyň Eýrana akdyrýan gazyny hem kesmegi bilen, Türkmenistan özüniň üç gaz müşderisiniň ikisini ýitirdi.

Häzirki wagtda, Türkmenistan tebigy gaz baýlygy taýdan dünýäde ilkinji orunlaryň birini eýeleýänem bolsa, ony eksport etmekde diňe bir alyja, ýagny Hytaýa garaşly bolmagynda galýar. Bularyň ählisi, dünýäde energiýa serişdeleriniň bahasynyň aşaklamagy netijesinde, Türkmenistanyň agyr ykdysady krizisi başdan geçirýändigi aýdylýan döwre gabat geldi.

XS
SM
MD
LG