Sepleriň elýeterliligi

Panniýer: Türkmenistan öz gazyna gyzyklanmany artdyrmak isleýär


Illýustrasiýa

“Gafney, Cline & Associates” kompaniýasy Türkmenistanyň “Galkynyş”, “Garakel” we “Ýaşlar” gaz ýataklarynda geçirilen garaşsyz barlaglaryň netijelerine görä, bu gaz ýataklarynda 27 trillion kubmetr gaz rezerwiniň bardygyny çaklaýar diýip, “Wremya Wostoka” neşiri türkmen häkimiýetlerine salgylanyp habar berýär.

29-njy maýda çap edilen maglumata görä, bu görkezijiler şu ýylyň 23-24-nji maýynda Awaza syýahatçylyk zolagynda geçirilen Halkara gaz kongresi döwründe mälim edildi.

“Garaşsyz barlaglaryň netijelerine görä, “Galkynyş”, “Garakel” we “Ýaşlar” gaz ýataklaryndaky tebigy gaz resurslarynyň mukdary 27 trillion kubmetre barabar” diýip, “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Myrat Arçaýew Halkara gaz kongresinde eden çykyşynda aýtdy.

Ol Türkmenistanyň umumy tebigy gaz resurslarynyň möçberi barada durup, häzirki wagt onuň 50 trillion kubmetre barabardygyny mälim etdi. Arçaýewiň sözlerine görä, Türkmenistanyň tebigy gaz baýlyklary dünýäniň tebigy gaz resurslarynyň 10 prosentini emele getirýär. Häzirki wagtda Türkmenistanda öndürilýän tebigy gazyň möçberi bolsa dünýäde öndürilýän tebigy gazyň 2 prosentine deň.

Azatlyk Radiosynyň Merkezi Aziýa boýunça bilermeni Brýus Panniýer Türkmenistanda tebigy gaz resurslarynyň möçberini garaşsyz çeşmeler arkaly barlamak mümkinçiliginiň bolmaýandygy sebäpli, bu görkezijiniň näderejede dogrudygy barada anyk zat aýtmagyň kyndygyny belleýär.

“‘Gafney, Cline & Associates’ kompaniýasy bu barlagy mundan 10 ýyl çemesi ozal geçiripdi. Şonda Türkmenistandaky gaz resurslarynyň mukdarynyň 24-26 trillion kubmetre barabardygy aýdylypdy. Dünýäniň energiýa resurslary barada her ýyl hasabat ýaýradýan ‘BP’ kompaniýasy bu görkezijileri aşakladyp, Türkmenistandaky gaz resurslarynyň mukdarynyň ortaça 17 trillion kubmetre barabardygyny mälim etdi. Häzirki wagt türkmen häkimiýetleriniň ýaýradan bu görkezijileri örän täsin. Ýöne ýurtda bu netijeleri garaşsyz çeşmeler arkaly barlamak mümkinçiligi bolmany sebäpli, onuň reallyk derejesini anyklap bilmeris. Eger ýurtda 50 trillion kubmetr tebigy gaz bolsa, onda ‘BP’ statistikalary Türkmenistany dünýäde tebigy gaz resurslary boýunça birinji orunda ýerleşdirerdi. Emma muňa ynanmak örän kyn” diýip, Brýus Panniýer aýdýar.

Mundanam başga, geçen hepde Myrat Arçaýew Türkmenistanyň Nebit-gaz ministrliginiň websaýtynda çap edilen maglumatda, Türkmenistandan uzak möhletleýin we durnukly turba geçiriji tebigy gaz eksportlary bäsdeşlige ukyply bolar we sarp edijileriň arasynda uly islegden peýdalanar diýdi.

Bilermeniň sözlerine görä, türkmen häkimiýetleri bu maglumatlary edil häzirki pursatda ýaýratmak arkaly dünýädäki maýadarlaryň ýa-da hökümetleriň ünsüni çekip, türkmen gazyna bolan gyzyklanmany artdyrmak isleýärler.

“Türkmenistan mundan ortaça iki ýyl ozal öz tebigy gazyny üç ugra – Eýrana, Russiýa we Hytaýa eksport edýärdi. Häzirki wagtda bularyň diňe biri saklanyp galyp, Türkmenistan diňe Hytaýa gaz akdyrýar. Türkmen häkimiýetleri TOPH ýa-da “Trans-Hazar” ýaly proýektleri durmuşa geçirmäge synanyşýarlar. Meniň pikirimçe, olar özlerinde ägirt uly gaz resurslarynyň bardygyny yglan etmek bilen, ‘belki, dünýäde bir adam bu gazgeçiriji proýektleriň birine milliardlarça dollar maýa goýmagy, ondan girdeji almagy göz öňünde tutup biler’ diýip, pikir edýän bolmaklary mümkin. Sebäbi eger Türkmenistan ‘17 trillion kubmetr tebigy gaz resursym bar’ diýse, ol erbet däl. Ýöne haçan-da Türkmenistan ‘50 trillion kubmetr tebigy gaz resursym bar’ diýse, onda bu adamlaryň ünsüni özüne çekýär we olarda ‘belki, Türkmenistandaky proýektleriň birine maýa goýup bolardy’ diýen pikiri döredýär” diýip, bilermen belledi.

Türkmenistan tebigy gaz eksportynyň ugurlaryny artdyrmaga synanyşýan we öz gaz resurslarynyň mukdarynyň dünýäniň tebigy gaz baýlyklarynyň 10 prosentini emele getirýändigini mälim edýän mahaly, Eýran Türkmenistandan tebigy gaz satyn almagy şertli ýagdaýda dowam etdirjekdigini aýtdy.

26-njy maýda Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň dolandyryjy direktory Hamid Reza Araki Türkmenistan tebigy gazynyň bahasyny arzanlatsa, onda Eýran türkmen gazyny satyn almagy dowam etdirer diýdi.

Araki Eýranyň “IRNA” habar agentligine beren maglumatynda “eger Aşgabat Tähranyň şertlerini kabul etmese, onda yslam respublikasynyň Türkmenistany Halkara arbitraž suduna berjekdigini we bu babatda ähli taýýarlyklaryň görlendigini aýtdy.

Bu barada henize çenli türkmen häkimiýetleri tarapyndan haýsydyr bir kommentariý ýaýradylmady.

Ýatladyp geçsek, resmi Aşgabat Tähranyň türkmen gazy üçin iki milliard dollar möçberinde bergisiniň bardygyny aýdyp, şu ýylyň başyndan, Eýrana gaz akdyrmagyny bes etdi. Mundan öň, ýagny 2016-njy ýylyň başynda Russiýanyň “Gazprom” kärhanasy hem türkmen gazyny almajagyny aýdypdy.

Türkmenistan tebigy gaz baýlygy taýdan dünýäde dördünji orny eýeleýänem bolsa, ony eksport etmek üçin, uly kynçylyklary başdan geçirýär we diňe bir alyja, ýagny Hytaýa garaşly bolmagynda galýar.

XS
SM
MD
LG