Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan nebit -gaz pudagyna degişli nobatdaky döwlet edarasyny ýapdy


Türkmenistanyň Nebit-gaz sergisi, Aşgabat
Türkmenistanyň Nebit-gaz sergisi, Aşgabat

Türkmenistan nebit -gaz pudagyna degişli nobatdaky döwlet edarasyny ýapdy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konsernini ýapmak kararyna “Türkmenistanyň nebit-gaz pudagyny mundan beýläk kämilleşdirmek maksady bilen” gelendigi resmi maglumatlarda aýdyldy.

Karara görä, dargadylan “Türkmennebitgazgurluşyk” edarasynyň işleri “Türkmengaz” döwlet konsernine tabşyrylar.

2016-njy ýylyň ýylyň iýul aýynda “Türkmengeologiýa” gazuw-burawlaýyş edaralaryna, şeýle-de “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernlerine degişli käbir bölümler dargadyldy. Şeýle-de Türkmenistanyň Nebit-gaz ministrligi ýapyldy.

XS
SM
MD
LG