Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan daşary ýurtlulardan “syýahatçylyk ýygymyny” toplar


Daşary ýurtly syýahatçylar Aşgabada aýlanýarlar.

Türkmenistanda daşary ýurt raýatlaryndan we raýatlygy bolmadyk adamlardan her bir ýaşan gije-gündizi üçin, 2 dollar möçberinde syýahatçylyk ýygymy alnyp başlanar.

Bu baradaky degişli karary prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 7-nji uýulda geçiren hökümet maslahatynda kabul etdi. Dokumente munuň ýurduň “eksport mümkinçiliklerini peýdalanmak bilen daşary ýurt pulundaky girdejileri köpeltmek maksady bilen” kabul edilendigi belli edilýär.

Mundanam başga, toplanan maliýe serişdeleriniň Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň hasabyna geçiriljekdigi-de mälim edildi.

Şol bir wagtda, şu ýylyň 1-nji awgustyndan güýje girjek bu Kararda ýygymyň “ýurtdaky ýerleşýän köpçülikleýin we hususy ýerleşdiriş serişdelerinde ýaşaýan daşary ýurt raýatlaryndan we raýatlygy bolmadyk adamlardan alynjakdygy” aýdylsa-da, gürrüňi gidýän adamlaryň we olaryň ýaşaýan ýeriniň düşündirişi boýunça hiç hili goşmaça we takyklaşdyryjy maglumat berilmeýär.

Bu ýygymyň Türkmenistanda iş wizasy bilen ýaşaýan daşary ýurtlulardan hem alnyp-alynmajakdygy häzirlikçe näbelli bolmagyna galýar.

Şeýle-de, “raýatlygy bolmadyk adamlar” diýlen kesgitlemäniň diňe Türkmenistana syýahata gelenlerimi ýa-da uzak wagtdan bäri ýurtda ýaşap oturan we raýatlygy bolmadyklary hem öz içine alyp-almaýandygy aýdyňlaşdyrylmaýar.

Azatlyk Radiosy bu soraglary aýdyňlaşdyrmak üçin, Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti bilen habarlaşanda, degişli resmiler “habarlarynyň ýokdugyny” aýdyp, goşmaça maglumat bermekden saklandylar.

Ýeri gelende bellesek, daşary ýurtlulara girizilen täze ýygym bilen birlikde, Türkmenistan syýahatçylaryň barmagynda iň kän päsgelçilik döredilen ýurtlaryň biri hasaplanýar.

Bu aralykda, daşary ýurtlulardan ýygym almak baradaky karar bilen bilen birlikde, “Türkmenistanyň eksport mümkinçiliklerini peýdalanmak bilen daşary ýurt pulundaky girdejileri köpeltmek maksady bilen” diýen kesgitlemä salgylanyp, başga-da ençeme dokumentlere gol goýuldy.

Mundan beýläk, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy pul bilen hasaplaşmak arkaly daşary ýurt kompaniýalaryndan alýan çig nebitini ikilenç gaýtadan işläp ýerlemekden gelip gowuşjak daşary ýurt pulundaky serişdeleriniň çig nebitiň bahasyna deň bölegi Türkmenistanyň pul ätiýaçlyk goruna geçirimlerden we Türkmenistanyň Merkezi bankyna hökmany satmakdan boşadyldy.

Şeýle-de, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligine garamagyndaky kärhanalaryň önüm görnüşindäki meýilnamalaryny hakyky bar bolan içerki sargyda laýyklykda galdyryp, galan ýagdaýlarda pul görnüşindäki meýilnamalary bellemek tabşyryldy.

Galyberse-de, “... daşary ýurt pulundaky girdejileri köpeltmek maksady bilen” kabul edilendigi aýdylýan bu kararlar Türkmenistanyň – energiýa serişdeleriniň bahalarynyň gaçmagy bilen – agyr ykdysady kynçylyklary çekýändigi aýdylýan, şeýle-de ýurtda dollaryň resmi söwdasynyň togtadylan döwrüne gabat geldi.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG