Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda ýaşaýyş jaýlaryny ýykmak dowam edýär


Aşgabatda ýer-ýegsan edilen jaýlaryň biri. Arhiwden
Aşgabatda ýer-ýegsan edilen jaýlaryň biri. Arhiwden

Aşgabadyň merkezi köçelerinden biri bolan A. Nyýazow şaýolynyň ugrundaky hususy ýaşaýyş jaýlary ýumrulyp başlandy.

Ozalky Mir, häzirki Andalyp köçesiniň çatrygyndan gündogarlygyna A. Nyýazow şaýolunyň ugrundan uzap gidýän hususy jaýlaryň sanynyň 500-den hem gowurakdygyny aýdyp, bu etrapçanyň ýaşaýjysy Abdykerim aga şeýle gürrüň berýär.

“Jaýlarymyzy ýumrup dynsalar razy bolduk. Üç ýyl bäri ýaşaýjylara halys gün berenoklar. A. Nyýazow şaýoluny giňeltjek diýip, birnäçe wagtlap köçeler ýapyk durdy. Daşymyza demir haýat aýlap, üç tarapymyzy hem ýapdylar. Köçeleriň diňe gündogar böleginden girip-çykmaga ýol goýdular.

‘Ondan ýöremek bolanok, mundan girmek bolanok. Jaýlaryň şiferlerini ýaşyl reňke boýamaly’ diýip, ýagdaýyň bardygyna-ýokdugyna seretmän, jaýlaryň üçeklerini ýaşyla boýadyp, halys aňkamyzy aşyrdylar. Ýumruljak bolup duran jaý eýelerine şeýle görkezmeler artykmaç çykdajy bolýar. Indem jaýlarymyzy ýumrup başladylar. Goşuňy göterip arkaýyn göçüp barmaga jaýam ýok” diýip, Abdykerim aga dowam edýär.

“Jaýlary ýumrulan ýaşaýjylar 30 ýyllyk möhleti bilen kredite gurulýan jaýlardan aljak bolsalar, onda häkimlige puluňy geçirip bir ýarym, iki ýyl garaşmaly. Jaýyň dokumentinden sähel bahana tapsalar, onda saňa jaý hem berilmeýär.

Maşgalaň uludygyna ýa kiçidigine seretmezden, öý dokumentiňe görä, ozalky meýdançaňa laýyk beriljek jaýa hem garaşmaly. ‘Jaý ýetişýänçä garaşyň, nirede ýaşasaňyz şonda ýaşaň’ diýip, jaýlary ýumrup başlaýarlar. Goşuňy alyp çykyp bilseň razy bolýarsyň. Dokumentiň düzüw diýlip, berilmeli edilen jaýlar hem wagtynda ýetişmän, ilat kösenip kireýne jaýlarda ýaşamaga mejbur bolýarlar” diýip, ol ýaşuly aýdýar.

Ýumrulýan jaýlaryň gurluşyk materiallaryny söküp alyp, olary satmakda hem häkimligiň işgärleriniň uly rol oýnaýandygyna ýaşaýjylar ünsi çekýärler.

“Jaýyňy gyssagly ýumurmaly, pylança günde söküp aýyrmaly diýip, gyssap başlaýarlar.Gurluşyk materialyňa alyjyny özleri hödür edýärler. Olar bolsa deger-degmez baha kesýärler. Isleseň-islemeseň soran bahasyna jaýyňy berip, goşuňy alyp çyksaň razy bolýarsyň. Sebäbi ýaşaýjylara gurluşyk materiallaryny äkider ýaly mellek ýeri hem berilmeýär. Goş-golamyňy kimiň öýüne ertip goýjagyň hem alada” diýip, jaýlary ýumrulýan ýaşaýjylar, giden bir plan jaýyň gurluşyk materialy üçin 5-6 müň manatdan artyk pul berilmeýändigini aýdýarlar.

Ilaty jaý bilen üpjün etmek barada alada etmän, diňe ýumrulyşyklara bat berilýänligi sebäpli, kireýne jaý tapmagyň hem has kynlaşandygyny ýaşaýjylar aýdýarlar.

Jaý ýetişýänçä azyndan 5-6 aýlap, käte bir ýyllap, dogan-garyndaşyň öýüne sygşyp bolmaýar. Kireýne jaý gözlemeli bolýarsyň. Şeýle ýagdaýa düşýän ýaşaýjylaryň sany agdyk bolany üçin, kireýne jaý tapmagyň hem ýeňil düşmeýändigini, kireýne jaýa isleg kän bolany sebäpli, jaýlaryň haklarynyň hem barha ýokarlanýandygyny ýaşaýjylar nygtaýarlar.

XS
SM
MD
LG