Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Brusselde NATO-Orsýet geňeşiniň ikinji maslahaty başlanýar


NATO-nyň we Orsýetiň baýdaklary
NATO-nyň we Orsýetiň baýdaklary

Brusselde NATO-Orsýet geňeşiniň şu ýylyň başyndan bäri ikinji maslahaty başlanýar.

13-nji iýulda geçiriljek gepleşikleriň ýaňy-ýakynda Baltika deňzinde söweş uçarlarynyň peýda bolmagy bilen bagly wakalardan soň, dartgynlylygy we töwekgelçiligi azaltmak boýunça çärelere gönükdiriljegine garaşylýar.

Orsýetiň döwlet mediasy taraplaryň Ukrainada hökümet güýçleriniň we Moskwadan harby, ykdysady we syýasy ýardam alýan orsýetçi separatistleriň arasyndaky konflikt meselesini hem maslahat etjekdigini habar berdi.

10-njy iýulda Kiýewde eden çykyşynda NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg Moskwany “özüniň müňlerçe esgerini Ukrainadan çekmäge we söweşijileriň ýolbaşçylyk-gözegçilik hem harby enjamlary bilen üpjünçiligini bes etmäge çagyrdy.

Orsýet Ukrainadaky konflikte gatnaşygyny ret edýär.

NATO-Orsýet geňeşiniň maslahatynyň öňüsyrasynda NATO-nyň resmileri Baltika deňziniň üstünden uçmak üçin uçuş planyny bermek, howa gatnawynyň gözegçiligine boýun bolmak we özlerini tanatmak boýunça gurallary ulanmak ýaly talaplary Orsýetiň pilotlaryndan etjegini žurnalistlere aýtdylar.

Orsýet özüniň ähli uçarlarynyň Baltika deňziniň üstündäki uçuşlarynyň halkara kadalaryna laýyklykda amala aşyrylýandygyny aýdýar.

Öz tarapyndan Orsýet geçen aýda ABŞ-nyň ýadro ýaragyny götermäge ukyply B-52 bombalaýjy uçarynyň Baltika deňziniň üstünde uçandygyny we onuň öňüni almak boýunça çäre görendigini aýdýar.

NATO-Orsýet geňeşi şuňa meňzeş dartgynlylygy gowşatmak maksadyny öz öňünde goýýar.

XS
SM
MD
LG