Kreml 14-nji iýulda Birleşen Ştatlarda konfiskasiýa edilen rus diplomatik emläkleriniň yzyna gaýtarylmagynda islendik görnüşde öňünden şert goýulmagyna garşy çykjagyny duýdurdy.
Bu duýduryş ABŞ-nyň prezidentiniň geňeşçisi Sebastian Gorkanyň CNN-de aýdan sözlerine berlen jogap boldy, ol emläkleriň yzyna gaýtarylmagyny Orsýetiň golaýda günorta-günbatara Siriýada atyşygy bes etmek boýunça ABŞ-Russiýa ylalaşygyna goşulmagy bilen ilteşdirdi.
"Orsýetiň diplomatik emläkleriniň yzyna gaýtarylmagy hiç bir şerte bagly bolmaly däl” diýip, Kremliň sözçüsi Dmitriý Peskow aýtdy. "Bu durşuna halkara kanunçylygyna ters gelýär" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Dekabrda, şol wagtky amerikan prezidenti Barak Obama Orsýetiň Nýu-Ýorkdäky we Merilenddäki diplomatik howlularyny konfiskasiýa etmegi hem-de 35 sany rus ilçisini, içaly diýip,ýurtdan çykarmagy buýurdy.
Bu Orsýete garşy 2016-njy ýylyň prezident saýlawlaryndaky kampaniýa gatyşandygy üçin diýlip görlen çäreleriň biri boldy.
Rus prezidenti Wladimir Putin bu görlen çärelere garşy bada-bat jogap çäresini görmedi we Tramp adminstrasiýasynyň neme etjegini görmek üçin garaşjakdygyny aýtdy. Emma Peskow we rus Daşary işler ministrligi Kremliň sabyr-takadynyň azalýandygyny aýtdy.