Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan güýçleri Helmandyň Nawa etrabyny "Talybandan" yzyna aldy


Nawa etrabyndaky operasiýa gatnaşyjylar
Nawa etrabyndaky operasiýa gatnaşyjylar

Owgan goşunlary günortadaky Helmand welaýatynda bir etraby “Talyban” jeňçilerinden yzyna aldylar diýip, hökümet resmileri aýtdylar.

Nawa etrabyny almak üçin taýýarlanan giň gerimli operasiýa 15-nji iýulda irden başlandy. Owgan goşunlary, halkara güýçleriniň howa goldawyny bermeginde, üç sany dürli ugurdan herekete geçdiler diýip, welaýat gubernatorynyň sözçüsi Omar Zowak aýtdy.

Zowak howpsuzlyk güýçleriniň Nawanyň etrap merkezini ele geçirendiklerini aýtdy. “Talyban” bu etraby dokuz aý mundan öň basyp alypdy.

Zowagyň tassyklamagyna görä, “Talyban” jeňçileriniň azyndan12-si öldürildi.

Şeýle-de, Nawadaky operasiýa mahalynda, welaýat paýtagty Laşger Gahyň 15 kilometr uzaklygynda iki sany owgan polisiýa ofiseri ýaralandy. Helmand talyban jeňçileriniň agdyklyk edýän ýeridir.

XS
SM
MD
LG