Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň prezidentleriniň duşuşmagyna garaşylýar


Türkmenistanyň we Türkiýäniň prezidentleri Gurbanguly Berdimuhamedow (s) we Rejep Taýýyp Erdogan (ç), Ankara, 3-nji mart, 2015 ý.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýyp Erdoganyň we Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Aliýewiň arasyndaky üç taraplaýyn gepleşikler şu ýyl tamamlanmazdan öň geçiriler diýip, Aşgabatdaky türk ilçisi aýdýar.

“Sputnik” neşiriniň türk diplomaty Mustafa Kapuja salgylanyp habar bermegine görä, häzir bu sammiti şu ýylyň ahyryna çenli geçirmek boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

“Bu sammitiň Türkmenistanda geçirilmegine garaşylýardy we bu babatda üýtgeşiklik bolmaz. Biziň [Türkiýäniň, Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň] daşary işler ministrlerimiz we energiýa ministrlerimiz sammitden öň duşuşarlar we oňa taýýarlyk işlerini maslahat ederler” diýip, Kapuju anna gxni beren maglumatynda aýtdy.

Agzalýan ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň derejesindäki ýygnagyň şu ýylyň 18-19-njy iýulynda Bakuda geçirilmegine garaşylýar diýip, türk ilçisi belledi.

Mundan öň Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň arasynda sammitiň 2016-njy ýylyň aýagyna çenli Aşgabatda geçirilmeginiň planlaşdyrylýandygy media maglumatlarynda habar berilipdi.

Bu üç ýurduň prezidentleriniň Ýewropa Bileleşiginiň gatnaşmagynda 2015-nji ýylyň maý aýynda Aşgabatda geçirilen sammitinde türkmen gazyny Ýewropa akdyrmak boýunça Hazar deňziniň düýbünden Azerbaýjanyň kenaryna çenli Trans-Hazar gaz geçirijisini çekmek boýunça proýekt ara alnyp maslahat edilipdi we Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Türkiýäniň we Ýewropa Bileleşiginiň arasynda energiýa hyzmatdaşlygyny ösdürmek barada deklarasiýa gol çekilipdi.

XS
SM
MD
LG