Özbegistan respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda 2018-2020-nji ýyllar boýunça ykdysady hyzmatdaşlyk baradaky ylalaşyk güýje girdi diýip, özbek Daşary işler ministrligi habar berýär.
Bu ylalaşyga laýyklykda, taraplar söwda we ykdysady ugurlar boýunça gatnaşyklary ösdürmek üçin özara hyzmatdaşlyklaryny güýçlendirer. Şeýle-de, ylalaşyk ykdysady hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça 35 çäräniň durmuşa geçirilmegini hem üpjün edýär.
Ýatladyp geçsek, gürrüňi edilýän resminama şu ýylyň 6-njy martynda özbek prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Aşgabada eden resmi saparynyň dowamynda gol goýlupdy.
Şonda Lebap welaýatynda Türkmenabat-Farap köprüleriniň açylyşyndan başga, türkmen we özbek kärhanalarynyň arasynda bir topar söwda şertnamasyna gol çekildi.
Şeýle-de, iki ýurduň DIM-leriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk maksatnamasyna; Türkmenistanyň hökümeti bilen Özbegistan respublikasynyň hökümetiniň arasynda medeni-ynsanperwer ulgamynda 2017-2019-njy ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň maksatnamasyna we beýleki ylalaşyklara gol goýuldy.
Meniň pikirimçe, bir haltasy 1000 manat diýjek bolupdyrlar öýdýän. Soňam siziň belligiňizden utanyp, çekinip, düzetmändirler ýa-da düzetmegi özlerine kiçilik bilen bolara çemeli. Türkmen hökümedi ýaly, bular hem tankyda bolanoklar ahyry. Bellik edip ýazan düzedişiň bir hepde geçensoňlar goýýarlar. Hamala, söz azatlygy, tankydy kabul edýän kişi bolup. Bir hepdeden bolsa makala arhiwe geçip gidýär.
Путин ол "Дворец" мана дегишли дал диййар ,болманда ол озунинкидигини айдармы ?Ол хемише органын стили билен херекет эдйар , ягны хич вагт боюн алмалы далдир дийлен ! Олара гуйч болса ,эдил озлеринин хич бир дунйадаки адамлары,гурамалары адам хасабында гормейишлери ялы ,хич зат сораманы сонкы басышы этмели Кремльин хеммесине , йоне Песковы ятдан чыкарманы ! Шол басышдан сонра оларын барысы халкын онунде ,оларын дызларына чокуп отунч сорар ялы ягдай доретмели!