Sepleriň elýeterliligi

Täze awtobuslar Aziada oýunlaryna garaşýarlar


200-e golaý awtobus Aziada oýunlaryna garaşýar

Aşgabadyň gündogar böleginde ýerleşýän şäher awtotransport kärhanasynda, şu günler 200-e golaý awtobusyň ak matalardan tikilen ýapynjalar bilen örtülendigini görmek bolýar.

Awtotransport kärhanasynyň resmileriniň biriniň aýtmagyna görä, Günorta Koreýadan satyn alnan Hundaý kysymly täze awtobuslar Aşgabatda geçiriljek Aziýa oýunlaryna çenli ulanyşa berilmez.

“Daşky durkuny ýitirmezlikleri üçin, ak matadan ýörite ýapynjalar tikdirilip, olaryň ählisiniň üsti ýapyldy. Şäher ilaty bilen birlikde daşary döwletlerden gelen myhmanlara hyzmat ederler. 5-nji Aziýa oýunlary geçiriljek döwürde awtoulaglaryň gatnaw tertibiniň interwalynyň 5 minut bolmagy göz öňünde tutulýar” diýip, öz adynyň efirde tutulmazlygyny soran resmi aýdýar.

Häzirlikçe bolsa şäher ilaty awtobus gatnawlarynyň tertibinden juda nägilediklerini aýdýarlar.

Aşgabatly ýaşaýjy 40 ýaşly işçi Gülälegiň aýtmagyna görä, soňky bir aýyň dowamynda Aşgabat şährinde awtobus gatnawlary juda ýaramazlaşypdyr.

“Ozal 15-20 minut bolan interwal soňky hepdelerde 35-40 minuda çekýär. Işe ýetişjek bolsaňam, çagalary çagalar bagyna ýetişdirjek bolsaňam, asyl pylança wagtda ýetişerin diýip, wagtyňy sarpaly tutjak gümanyň ýok. Islendik belgili awtoulag wagtynda gelmeýär” diýip, Gülälek aýdýar.

Ýaşaýjylar awtobuslaryň ähli ugurlar boýunça gatnawyndan hem nägile bolýarlar welin, esasan 13-lik, 17-lik, 19-lyk, 32-lik, 38-lik belgili awtoulaglaryň gatnawynyň has ýaramazlaşandygy aýdylýar.

Sürüjiler bilen söhbetdeş bolanyňda, mundan birnäçe ýyl ozal satyn alnan awtoulaglaryň hatardan çykyp, ençemesiniň awtotransport kärhanasynyň howlusynda bejergä garaşyp durandygyny aýdy-ýarlar.

Özüni Azat diýip tanyşdyran awtotransport kärhanasynyň sürüjisiniň aýtmagyna görä, Aşgabat şäherinde bar bolan ýeke-täk Hundaý merkezi awtoulaglaryň bejergisi bilen meşgul bolýar.

“Hatardan çykýan awtoulaglaryň sany kändigi sebäpli, Hundaý merkezi olary bejerip ýetişmeýär. Olaryň belli bölegi Hundaý merkezinde bejergide duran bolsa, agramly bölegi awtotransport kärhanasynyň howlusynda dur” diýip, Azat aýdýar.

“Hatardan çykýan awtoulaglaryň wagtynda bejerilmeýänligi sebäpli, liniýada gatnaýan maşyn az. Her ugur boýunça 3-4 sany awtoulag işleýär. Bu bolsa ýolagçylara hyzmat etmek üçin ýeterlik däl” diýip, sürüji aýdýar.

Awtoulaglaryň gatnamagynyň seýreklenmeginiň başga-da sebäbiniň bardygyny ol aýdýar. “Awtotransport kärhanasynda iki sany ýangyç guýýan aparat işleýär. Bu hem awtobuslara bökdençsiz hyzmat etmäge ýeterlik däl. Ýangyç guýmaga barsaň, nobata durup birnäçe wagtyňy ýitirýärsiň.

Ýangyç nobatyna durup, wagtyny ýitirýän sürüjiler soňra maşynyň tizligni ýokarlandyryp, ýerine ýetirmeli reýsleriniň öwezini dolmaga çalyşýarlar. Sürüjiler biri-birinden öňe düşüp, ýolda bar bolan ýolagçylary bir-birinden öňürti almaga çalyşýarlar. Sebäbi plan diýen bir zat bar. Plany dolmak üçinem ýolagçylaryň köpräk münmegini gazanmaly. Şu sebäplere görä hem liniýalarda awtobuslaryň hereketi bozulýar” diýip, sürüji Azat aýdýar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG