Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan: Daşary ýurt firmalardan işgärleriň şahsy maglumatlary talap edilýär


Aşgabatdaky daşary ýurt gurluşyk firmalarynyň birinde işleýän işgärler. Arhiwden alnan surat
Aşgabatdaky daşary ýurt gurluşyk firmalarynyň birinde işleýän işgärler. Arhiwden alnan surat

Şu günler Türkmenistanyň Migrasiýa gullugynyň Aşgabatdaky edarasy ýurtda hereket edýän daşary ýurt firmalaryndan özleriniň paýtagtdaky we welaýatlardaky işgärleriniň, hususan-da, daşary ýurtly spesialistleriniň sanawyny we şahsy maglumatlaryny tabşyrmagy talap edýär.

Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki çeşmeleriniň Aşgabatdaky Migrasiýa gullugynyň we käbir daşary ýurt firmalaryň jogapkär resmilerine salgylanyp aýtmagyna görä, talap edilýän resminamalaryň arasynda işgärleriň 3 suraty (3x4 ululygynda), häkimlikden berlen iş rugsatnamasy, kireýine alýan jaýynyň patentiniň, şertnamasynyň nusgasy, iş beriji kompaniýadan kepilnama we beýleki dokumentler bar.

“Esasy şol [işgäriň] şahsyýeti hakyndaky anyk maglumatlar talap edilýär – doglan ýeri we nirede doglandygy... Mundanam başga, onuň haçan Türkmenistana gelendigi, haýsy adresde ýaşaýandygy soralýar. Şeýle hem, olaryň Türkmenistanyň banklarynda bank hasaplary barmy ýa ýok?! Bar bolsa, olaryň haýsy banklardadygy soralýar. Bu ýagdaý daşary ýurtlardan gelip işleýän zähmet migrantlary bilen bagly ýagdaý. Türkmenistanyň öz içinden bolan işgärler barada-da maglumatlar ýygnalýarmyşyn, ýöne has köp jikme-jik maglumat daşary ýurtlardan gelen işgärler barada ýygnalýar” diýip, aşgabatly synçy we ýazyjy Amanmyrat Bugaýew aýtdy.

Aşgabatdaky Migrasiýa gullugynyň adynyň efirde agzalmazlygyny soran jogapkär resmisiniň tassyklamagyna görä, agzalýan maglumatlary tabşyrmaklyk eýýäm Türkmenistanda esasan gurluşyk işlerini amala aşyrýan Russiýanyň “Wozroždeniýe” we Türkiýäniň “NATA”, “Polimeks” ýaly ençeme firmadan talap edilipdir. Aýdylmagyna görä, şondan soň şahsy maglumatlary tabşyrylan adamlar Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginde hasaba alynýar.

Ýeri gelende bellesek, bu barada ýokarda agzalýan firmalardan haýsydyr bir kommentariý almak başartmady. Ýurtdaky daşary ýurt firmalarynda işleýän türkmen we daşary ýurt raýatlary barada jikme-jik maglumatlaryň ýygnalmagy dogrusynda türkmen häkimiýetleri ýa-da media serişdeleri tarapyndan hem häzirlikçe ilat köpçüligine haýsydyr bir maglumat berilmeýär. Bu ýagdaýyň haçana çenli dowam etjekdigi-de nämälim bolmagynda galýar.

Emma paýtagtdaky Migrasiýa gullugynyň jogapkär resmisi, “Yslam döwleti” topary bilen baglanyşykly gorky-aladanyň dünýäde bolşy ýaly, Türkmenistanda hem artýandygyny aýdyp, bu çäräniň ýurtda ýaşaýan adamlary anyklamak we olaryň sanawyny düzmek maksady bilen amala aşyrylýandygyny gürrüň berdi.

“Häzir Türkmenistanda we dünýäde käbir raýatlaryň ‘Yslam döwleti’ bilen aragatnaşygy bolmagyndan alada edilýär. Şol sebäpli, bu çäreler ýurda gelip işleýän adamlaryň ‘Yslam döwleti’ topary bilen arabaglanyşygynyň bolup-bolmandygyny ýa-da olaryň agzalýan toparyň agdyklyk edýän ýerlerinde işläp-işlemändigini anyklamak üçin amala aşyrylýar” diýip, adynyň agzalmazlygyny soran Migrasiýa gullugynyň resmisi aýtdy.

Galyberse-de, ol Aziýa oýunlarynyň öňýanynda, gurluşyk firmalarynyň aglabasynyň işiniň tamamlanýandygyny belläp, bu sport çäresi başlamanka, daşary ýurtly işgärleriň öz wagtynda ýurdy terk etmegi üçin hem tagalla edilýändigini sözüniň üstüne goşdy.

Türkmenistanda şu ýylyň sentýabr aýynyň 17-27-si aralygynda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň öňýanynda, howpsuzlyk çäreleriniň güýçlendirilendigi habar berilýär.

Mundan üç aý çemesi ozal, ýörite gulluklaryň ýa-da polisiýanyň işgärleri tarapyndan Aşgabatda ýaşaýan öňki tussaglara Aziýa oýunlarynyň geçirilýän sebitine barmazlyk we bu sport çäresi geçýänçä ol ýerde “görünmezlik” tabşyryldy. Şeýle-de, soňky aýlarda pasportda Aşgabatda ýazga durmadyk welaýatlylary yzarlamak, olary öz ýaşaýan sebitlerine ugratmaklyk hem güýçlendirildi.

Mundanam başga, Türkmenistanyň Aşgabatdaky harby ýokary okuw jaýlarynyň 200 çemesi kursantyna, ýagny studentine tomusky dynç alyşlary döwründe öýlerine gitmegiň deregine, olimpiýa şäherçesiniň golaýynda howpsuzlyga gözegçilik etmek tabşyryldy.

Türkmen häkimiýetleri ýa-da media serişdeleri bu çäreler barada kelam söz aýtmaýarlar. Emma Azatlygyň Türkmenistanyň güýç edaralaryndaky çeşmeleri ýurtda howpsuzlyk çäreleriniň güýçlenmeginiň ýurduň çäginde terrorçylykly hüjümiň bolmagynyň ähtimaldygy baradaky aňtaw maglumatlary bilen baglydygyny belleýärler.

Geçen aýyň ortalaryna Azatlyk Radiosy bilen gizlinlik şertlerinde gepleşen ynamdar çeşmeleriň aýtmagyna görä, “YD-niň terraktlaryna mahsus” hüjümleriň ähtimaldygy baradaky maglumatlary maý aýynyň başynda, daşary ýurduň hökümeti beripdir.

Olaryň sözlerine görä, şol wagtda Türkiýeden “Yslam döwleti” topary bilen baglanyşykda güman edilen Türkmenistanyň dört raýaty ekstradisiýa edilipdir. Şondan soň ol bu ýagdaý bilen baglylykda, aýratyn-da Aziýa oýunlarynyň öňüsyrasynda, şübheli görnüp biljek islendik adamy saklamak barada görkezmeleriň berlendigini aýdypdy.

XS
SM
MD
LG